RSS

SOŇKY HABARLAR

24 Few

DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY BMG-NIŇ SAÝLAWLARY GEÇIRMEKDE ÝARDAM BERMEK BOÝUNÇA WEKILI BILEN DUŞUŞDY

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň syýasy we parahatçylyk gurujylyk meseleleri boýunça Departamentiniň Saýlawlaryň geçirilmeginde ýardam bermek boýunça bölüminiň Direktory Kreýg Jenness bilen duşuşyk geçirdi.  Göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen strategiki hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdiler. Bu ugurda, derwaýys halkara hem-de...

DOWAMY
23 Few

TÜRKMENISTAN TARAPYNDAN BSG-NA GOŞULÝAN ÝURT («IŞJEŇ SYNÇY») DEREJESINIŇ ALYNMAGY BARADA ŽENEWADAN MAGLUMAT

2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) binasynda geçirilen BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda BSG-niň döredilmegi hakynda Marakeş ylalaşygynyň XII maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň BSG-na goşulmagy baradaky arzasyna seredildi.     Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekili Baş geňeşiň mejlisiniň işine gatnaşdy we BSG-niň agza-ýurtlarynyň öňünde Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan çykyş etdi. Öz çykyşynda Türkmenista...

DOWAMY
22 Few

«DIALOG-PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI» ATLY ONLAÝN MASLAHATY

2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen «Dialog-parahatçylygyň kepili» diýlip atlandyrylýan häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasyny döretmek baradaky başlangyjynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýetini çuňlaşdyrmaga hem-de Milli Liderimiziň parahatçylyk senasyny giňişleýin wagyz etmäge bagyşlanyp, «Dialog-parahatçyly...

DOWAMY
22 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNDA RESMI SAPARDA BOLDY

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça 2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynda (Moskwa ş.) resmi saparda boldy. Saparyň barşynda birnäçe duşuşyklar geçirildi we olaryň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde toplumlaýyn ösdürilmeginiň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, özara mümkinçilikleriň nazarda tutulmagynda olaryň işjeňleşdi...

DOWAMY
17 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Şu gün, 17-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň bu Gurama bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri bu guramanyň ýurtlarynyň dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem giňeldilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Türki döwle...

DOWAMY
17 Few

TÜRKMENISTANYŇ WE SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY GEPLEŞIGI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Şu ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýandygyny bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary birek-birege gutlaglaryny beýan etdiler. Ministrler...

DOWAMY
17 Few

DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TÜRKMEN-RUS ÖZARA HEREKETLERINIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

Şu gün, 17-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.O.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler Altynjy Hazar sammitiniň taýýarlygy bilen bagly meselelere hem seredip geçdiler.

DOWAMY