RSS

SOŇKY HABARLAR

17 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝHHG-NYŇ AŞGABATDAKY MERKEZINIŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

Şu gün, 17-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili R.Kastberg bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine garaldy.  2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk hem ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu Guramanyň agza-ýur...

DOWAMY
17 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ AŞGABATDAKY WEKILHANALARYNYŇ WE AGENTLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky düzüm birlikleriniň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetirijisi Filipp Saprykin gatnaşdylar. I...

DOWAMY
16 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK WEKILINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 16-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik wekili hanym Narine Saakýany kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşuryp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi. Baş sekretar ösüşlere beslenen özgertmeler ýoly bilen ynamly barýan Garaşsyz Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna özüniň ýolbaşçylyk...

DOWAMY
16 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE HZG-NIŇ ZÄHMET KADALARY DEPARTAMENTINIŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Halkara zähmet guramasynyň Zähmet kadalary departamentiniň direktory Korinn Warga bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejeliligini nygtadylar. Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasynyň agzasy bolmak bilen, öz durmuşa geçirýän syýasatynda hemmelere mynasyp zähmet we durmuş ada...

DOWAMY
14 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, şonuň ýaly-da, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň käbir meseleleri barada özara pikir alyşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler....

DOWAMY
12 Few

DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ TARYHY ÇÖZGÜTLERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň çäklerinde gazanylan taryhy çözgütlere bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik edaralaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Öz çykyşynyň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlyg...

DOWAMY
12 Few

TÜRKMEN-GAZAGYSTAN HYZMATDAŞLYGYNY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERINE SEREDILDI

Şu gün, 12-nji fewralda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Birinji orunbasary Roman Sklýar bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki döwletiň...

DOWAMY