RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DUŞANBEDE GEÇIRILEN «MERKEZI AZIÝA – KOREÝA RESPUBLIKASY» HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ 14-NJI MEJLISINE GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Duşanbe şäherinde Daşary işler ministrler derejesinde «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumy 14-nji mejlisi geçirildi. Forumyň işine «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşyjy-ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Özara hereketleriň dört sany ýörite ugry: tokaý hojalygy, «ýaşyl» energetika, saglygy goraýyş we...

DOWAMY
pic
30 Noý

AŞGABATDA «PARAHATÇYLYGYŇ MEDENIÝETI» ATLY HALKARA WEBINARY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Parahatçylygyň medeniýeti» atly halkara webinary geçirildi. Webinara dünýäniň 15 ýurdundan 40-dan gowrak medeniýet ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topar...

DOWAMY
pic
29 Noý

YHG-NYŇ ÇÄKLERINDE HEM-DE ONUŇ DAŞYNDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ ÄHMIÝETI BEÝAN EDILDI

2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji Sammitinde gatnaşyjy-ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary YHG-nyň işi boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler hem-de Guramanyň sebitleýin hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine oňyn täsirini ýetirýän özboluşly geoykdysady ähmiýetini aýratyn belläp geçdiler. Öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geografiki, taryhy umumylyklary, şeýle-de däp-dessurlary we gymmatlyklary bolan YHG-na gatnaşyj...

DOWAMY
pic
28 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YHG-NYŇ ÇÄKLERINDE ENERGETIKA WE ULAG-LOGISTIKA ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MUNDAN BEÝLÄK HEM ÖSDÜRILMEGINIŇ ÄHMIÝETINI BELLEDI

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-nyň 15-nji Sammitindäki çykyşynda, şeýle hem energetiki meseleleriniň üstünde durup geçdi we ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmeginiň ähmiýetini aýratyn belledi. “Türkmenistan ulag we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy YHG-nyň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda görýär” – diýip Döwlet Baştutany nygtady. Ol şeýle hem häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň bu ugurlarynyň global ykdysady ösüşiň kesgitleýji dessurlary hökmünde çykyş edýändigini...

DOWAMY
pic
28 Noý

AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ 15-NJI SAMMITI GEÇIRILDI

Şu gün, 28-nji noýabrda - Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) döredilen gününde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda YHG-nyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti geçirildi. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylda Türkmenistan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynda ýolbaşçylyk edýär. Döwletimiz tarapyndan bu gurama başlyklyk şu ýylyň 4-nji martynda Türkiýede onlaýn görnüşde geçen YHG-nyň ýolbaşçylarynyň 14-nji sammitiniň barşynda kabul edildi....

DOWAMY
pic
28 Noý

AŞGABATDA YHG-NIŇ AGZA DÖWLETLERIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ 25-NJI MEJLISI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Gurama agza ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen paýtagtyna geldiler. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisde YHG-na agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 24-nji duşuşygynyň başlygy - Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler minis...

DOWAMY
pic
26 Noý

AŞGABATDA YHG-NYŇ MINISTRLER GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ ÖŇÜSYRASYNDA ÝOKARY WEZIPELI ŞAHSLARYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen tarapynyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza-ýurtlarynyň Ýokary wezipeli şahslarynyň mejlisi geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. Çäräniň gün tertibine Ministrler Geňeşiniň 25-nji mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri, YHG-nyň Baş sekretarynyň hasabatyna hem-de YHG-nyň seb...

DOWAMY