SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DÜNÝÄNIŇ DÜRLI ÝURTLARYNDA ÇÄRELER GEÇIRILÝÄR
2021-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli halkara çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Ilçihanalary we konsullyklary tarapyndan maslahatlar, forumlar, sergiler, konsertler we başga-da ençeme çäreler gurnalýar. Şeýlelikde, 23-nji sentýabrda Hyrat şäherindäki Türkmenistanyň Baş konsullygy tarapyndan bu şanly senä bagyşlanyp maslahat geçirildi. Oňa Hyrat we Badhyz welaýatlarynda ýaşaýan türkmen kowç...
TÜRKMENISTAN GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNY GIŇDEN BELLÄP GEÇDI
Türkmen halky Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny bitewilik we jebislik ruhunda özboluşly joşgun bilen garşylady. Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýubileý ýyly Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhy senenamasyna täze şöhratly sahypalary girizdi. 27-nji sentýabrda ýurduň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda gurlup, ulanylmaga berlen Döwlet Münberiniň toplumynda geçirilen baýramçylyk ýörişi Watanymyzyň garaş...
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA GELDI
Şu gün, 26-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistana sapar bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen ikitaraplaýyn duşuşygy meýilleşdirilýär. Şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşar.
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary,...
ÝURDUMYZYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYGYNYŇ ÖŇÜSYRASYNDA MÜŇLERÇE ADAMA TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGY BERILDI
2021-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugynyň binasynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda pederlerimiziň ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda 2 657 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle hem döw...
«C5+1» FORMATYNYŇ ÇÄKLERINDE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE ABŞ-NYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň «C5+1» formatyndaky onlaýn duşuşygy geçirildi. ABŞ-nyň Döwlet sekretary hem-de Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri «C5+1» sebitleýin diplomatik platformasynyň aýratyn ähmiýetini nygtamak bilen, onuň 2021-nji ýylyň dowamynda owgan meseleleriniň, COVID-19, ykdysady gatnaşyklaryň hem-de howanyň üýtgemeginiň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 76-NJY MEJLISINDE ÇYKYŞ ETDI
Şu gün, 22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisine gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Öz çykyşynda Türkmenistanyň Baştutany halkara bileleşiginiň global guramanyň – BMG-niň platformasyndaky özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şu ýyl badalga berilen ynanyşmak we gepleşikler medeniýetiniň BMG-niň strategiki gün tertibiniň hemişelik düzümi bolmak bilen birlikde, dü...