SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMETINIŇ BMG BILEN BILELIKDÄKI MAKSATNAMASYNA GOL ÇEKILDI
Şu gün, 21-nji sentýabrda «Bütindünýä pandemiýa bilen baglanşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek» atly BMG bilen bilelikdäki Maksatnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň tarapyndan resminama gol çekdiler. Bu taslama toplumlaýyn we adamlara gönükdi...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNISEF-IŇ AŞGABATDAKY WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzda öz işini tamamlaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasynyň baştutany Kristin Weýgand bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler gazanylan üstünlikleri hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň ileri tutulýan ugurlaryny belläp geçdiler. Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda çagalar üçin köpugurly durmuş hyzmatlarynyň kämill...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ŞHG-NIŇ SAMMITINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Hormatly Prezidentimiziň uçary Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynyň Halkara howa menziline gelip gonýar. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Soňra döwlet Baştutanymyz ŞHG-niň sammitiniň geçirilýän...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY
2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, häzirki döwürde döwletara syýasy-diplomatik, ykdysady hem-de medeni gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilýändigin...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
17-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Dostlukly döwletleriň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli görşüp, ýene-de duşuşmaga hem-de ikiçäk söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga dörä...
«C5+1» GÖRNÜŞDÄKI MINISTRLER DEREJESINDÄKI DUŞUŞYKDA HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BILEN BAGLY MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda «C5+1» görnüşinde Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşky gurşaw goramak meselelerine jogapkär edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew ýolbaşçylyk etdi. Taraplar howanyň üýtgemegi, klimat çökgünliginiň, hususan-da, onuň azyk howpsuzly...
SUW HOJALYK MESELELERI BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-ÖZBEK HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ BIRINJI MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Daşkent şäherinde Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Hökümetara toparynyň mejlisinde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary E.Orazgeldiýew, özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ş.Ganiýew başlyklyk etdiler. Mejlisiň barşynda suw hojalyk desgalaryny ulanmak we Amyderýanyň suw serişdelerinden peýdalanmak boýunça hyzm...