SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistan - ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan-ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ABŞ-nyň işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklary hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Prezidenti şu gezekki saparyň özara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp masla...
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Täjigistanyň çagalaryna sowgat iberildi
2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan dostlukly täjik halkynyň çagalaryna sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy t...
Duşenbede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Täjigistanyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Duşenbe şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi. Resmi garşylamak dabarasy tamamlanandan soň, ikiçäk görnüşde we resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häz...
Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň Ýolbaşçy toparyň mejlisi hakynda
2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy toparyň we Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygynda geçirilen çärä...
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyryş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa, medeniýet we sungat, ylym we bilim ulgam...
ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti Reýnhold Lopatka bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar soňky döwürde Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasynda energiýa howpsuzlygy, ulag aragatnaşygy we ekologiýa howpsuzlygy ýaly möhüm ugurlar boýunça gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Taraplar Türkmenistanyň ÝHHG-ny...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 27-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz koreýaly işewürleriň şu gezekki saparynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi...