SOŇKY HABARLAR
Türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» Daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygynyň maksatnamasynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Özbegistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuham...
Türkmenistanyň wekiliýeti «AADHG + MA» Strategik dialogyň Ikinji Ministrler duşuşygyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Taşkent şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa» (AADHG + MA) Strategik dialogyň Ikinji Ministrler duşuşygyna gatnaşdy. Forumyň işine Merkezi Aziýa we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine girýän 6 döwletiň – Saud Arabystan Patyşalygynyň, BAE-niň, Katar Döwletiniň, Kuweýt Döwl...
Türkmenistan we ABŞ her ýylky syýasy geňeşmelerini geçirdi
2024-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ýyllyk syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. Gepleşikleriň barşynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan wekiliýetine ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Pommerşaým ýolbaşçylyk etdi. Duşuşykda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp ma...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri D.Baýramow, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Aleýnik, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriň orunbasary, Daşary işler ministri M.Nurtleu, Gyrgyzystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Ž.Kulubaýew, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow, Täjigistan...
Türkmenistan 2025-2029-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna kabul edildi
2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde EKOSOS-yň Guramaçylyk sessiýasynyň işiniň çäklerinde Geňeşiň kömekçi edaralaryna saýlawlar geçirildi. Geçirilen saýlawlaryň dowamynda EKOSOS-yň agzalary 2025-2029-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna Türkmenistanyň dalaşgärligini bir agyzdan goldadylar. Şeýlelik bilen, Türkmenistan 2020-nji ýylda saýlanandan soň agzalan Komissiýanyň agzasy hökmünde öz ýerine ýetirýän wezipelerini dowam etdirer.
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisiniň press-relizi
2024-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine laýyklykda, Pudagara toparynyň 2024-nji ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işlerini...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy
2024-nji ýylyň 5-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ikitaraplaýyn hyzma...