SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-ÝAPON PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILD
2020-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmen-Ýapon Parlamentara Dostluk toparynyň wekilleri, ýagny Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahatda ýapon wekiliýetine Türkmen-Ýapon Parlamentara Dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy, Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň Maliýe meseleleri boýunça müdirliginiň direktory Matsuşita Şinpeý ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşy...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmar bilen wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda düýn, 27-nji maýda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamy hökmünde, diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlary...
ÝOKARY DEREJELI ÇÄREDE COVID-19 ÝOKANÇ KESELINIŇ ÝAÝRAÝAN DÖWRÜNDÄKI ÄHLUMUMY ÖSÜŞI MALIÝELEŞDIRMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 28-nji maýynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly COVID-19 ýokanç keseliniň ýaýraýan döwründäki we ondan soňky ählumumy ösüşi maliýeleşdirmek meseleleri boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi. Maslahata BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýudo, Ýamaýkanyň Premýer-ministri Endrýu Holness tarapyndan guraldy. Çärä BMG agza döwletleriň wekiliýetleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan maslahata Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri...
ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ DAŞARY IŞLER GULLUGY BILEN MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ ONLAÝN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň, Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň gatnaşmaklarynda wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini hem-de häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar bileli...
Türkmenistanyň DIM-de DÖM-nyň maliýeleşdirilmeginiň meseleleri boýunça halkara seminar geçirildi
2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly «Durnukly Ösüş Maksatlaryny maliýeleşdirmek: maliýeleşdirmegiň integrirlenen milli gurallarynyň ähmiýeti» atly halkara seminar geçirildi. Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasyna (SPEKA) gatnaşyjy-ýurtlaryň, ýagny Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ministrleriniň derejesindäki...
MALIÝE WE YKDYSADYÝET MINISTRLIGINDE ÝHHG-NIŇ MASLAHATLAŞMALARY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 27-nji maýynda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň özara baha bermäge milli derejede taýýarlygyň çäklerinde halkara maslahatçysy hanym Swetlana Poddubskaýanyň “Jenaýatçylykly ýol bilen girdeji almaklyga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy hereket etmek boýunça Türkmenistanyň milli ulgamynyň t...
ÝHHG TÜRKMENISTANYŇ SERHETÜSTI SÖWDA WE ÜSTAŞYR MÜMKINÇILIKLERINIŇ ÖSDÜRILMEGINE ÝARDAM EDÝÄR
2020-nji ýylyň 27-nji maýynda demirýol we gara ýol ulaglarynyň üsti bilen daşalýan üstaşyr ýüklere serhet geçelgelerini ýeňilleşdirmek boýunça onlaýn okuw maslahaty başlandy. Okuw maslahaty Merkezi Aziýa sebitinde serhetüsti söwda we üstaşyr mümkinçilikleriniň ösdürilmegine aýratyn üns berilýän, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň "Türkmenistanda Döwlet serhet gullugynyň kuwwatyny güýçlendirmek" atly taslamasynyň çäklerinde bu Merkez tarapyndan gurnaldy. Onlaýn okuw maslahatynyň maksady, gatnaşyj...