RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli, doganlarça salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşmaga, özara gyzyklanma döredýän halkara we sebit syýasatynyň käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bild...

DOWAMY
pic
27 Maý

«DEUTSCHE BANK AG» BILEN ÖZARABÄHBITLI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSDÜRILMEGI BOÝUNÇA MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçysy bilen «Deutsche Bank AG» bankynyň Orta we Gündogar Ýewropa korporatiw we bank maýa goýum – bank täjirçilik hyzmatlary boýunça esasy ýerine ýetiriji direktory, sebitleýin direktorlarynyň dolandyryjysy Ýorg Bongartsyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimine degişli meseleler ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Germaniýanyň iri kompaniýalary bilen ýola goýlan üstünlik...

DOWAMY
pic
27 Maý

«EKSPO–2020» HALKARA SERGISINI GURNAÝJYLAR BILEN WIDEOMASLAHAT GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň binasynda «EKSPO–2020» taýýarlyk görmegiň çäklerinde, «EKSPO–2020» halkara sergini gurnaýjylar bilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Geçirilen wideomaslahatyň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri gatnaşdy. Onlaýn duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň...

DOWAMY
pic
26 Maý

ÇAGANYŇ HUKUKLARY BOÝUNÇA KOMITETE MILLI HASABATY TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA IŞ DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 26-njy maýynda BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda BMG-niň Çaganyň hukuklary boýunça Komitetine milli hasabaty taýýarlamak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy öz işine başlady.    Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, onlaýn görnüşde ÝUNISEF-iň bilermeni, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň agzalary gatnaşdylar.    ...

DOWAMY
pic
26 Maý

BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ BILERMENLERI BILEN WIDEO-MASLAHAT

2020-nji ýylyň 26-njy maýynda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň bilermenleri bilen dünýäde aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagyny gözegçilikde saklamak boýunça BSGG-niň teklipleriniň sanly wideo aragatnaşyk arkaly tanyşdyryş iş maslahaty geçirildi. Onlaýn-duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Bütindünýä saglygy...

DOWAMY
pic
25 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Şu gün, 2020-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikler wideokonferensiýa görnüşinde geçdi. Döwlet Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda şu ýylyň 24-nji maýynda geçirilen telefon arkaly gepleşikleriň barşynda, iki ýurduň daşary syýasat edaralaryna ulag-üstaşyr we söwda-ykdysady ulgamlary boýunça gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyr...

DOWAMY
pic
24 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2020-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, mukaddes Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, türkmen hem-de türk halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Döwlet Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda iki...

DOWAMY