img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ABŞ - WAŞINGTON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI UKRAINANYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ HATYNY ÝOLLADY

2020-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýe Tähran şäheriniň golaýynda «МАУ» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň köp sanly adam pidalaryna  getiren heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny ýollady.

DOWAMY
pic
7 Ýan

TÜRKMEN WEKILIÝETI «HEIMTEXTIL 2020» SERGISINE GATNAŞÝAR

2020-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde «Heimtextil 2020» atly dokma önümleriniň halkara sergisini öz işine başlady. Sergä Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň wekillerinden we ýurdumyzyň telekeçilerinden ybarat bolan wekilçilikli topary gatnaşýarlar. Bu halkara sergisi her ýylyň ýanwar aýynda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde ýerleşýän «Messe Frankfurt» sergiler merkezinde geçirilýär. Bu ýyl...

DOWAMY
pic
29 Dek

TÜRKMENISTANYŇ AHHG BAŞLYKLYK ETMEGINE WE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING

2019-njy ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan döwletimiziň 2017-2019-njy ýyllary aralygynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmegine, şeýle hem şu ýylyň 11-12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, AHHG-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Hazar deňzi institutynyň wekilleri, daşary ýurtlarda...

DOWAMY
pic
27 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ HATYNY ÝOLLADY

2019-njy ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Almaty şäheriniň golaýynda «Bek Air» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetirmelerine getiren heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny ýollady.

DOWAMY
pic
25 Dek

TÜRKIÝÄNIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI ÖZÜNIŇ DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR

2019-njy ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mustafa Kapuju bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçä türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin munnetdarlyk bildirdi. Öz nobatynda türk diplomaty Türkmenistanda işlän döwrüniň onuň diplomatik işinde aýratyn orna eýedigini nygtady, çünki...

DOWAMY
pic
20 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA “ATDA WEPA-DA BAR, SAPA-DA” ATLY KITABYŇ HINDI DILINDÄKI TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň hindi dilindäki tanyşdyrylyşy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasyn...

DOWAMY
pic
20 Dek

DÖM-NYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGI BOÝUNÇA IŞ TOPARYNYŇ WE BMG-NIŇ AGENTLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ BILELIKDÄKI MEJLISI

2019-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde maglumatlaryň ýygnalmagy we ýaýradylmagy boýunça teklip edilýän platformanyň deslapky görnüşiniň görkezilmegi maksady bilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ornaşdyrylmagy boýunça Iş toparynyň we BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaçylary, BMG-niň agentlikleriniň we düzüm birlikleriniň Türkmenistandaky wekilhan...

DOWAMY