RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Sen

HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI STRATEGIÝASY KABUL EDILDI

Howanyň üýtgemegi bilen bagly işleriň amala aşyrylmagynyň Milli resminamasy bolup durýan, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy kabul edildi. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere bolan milli garaýyşlary görkezýär we howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen bagly Türkmenistanyň syýasatynyň emele gelmeginiň we durmuşa geçirilmeginiň esasy bolup durýar. Howanyň global üýtgemegi meselesiniň çylşyrymlaşmagy ga...

DOWAMY
pic
23 Sen

BMG-NIŇ 74-NJI SESSIÝASYNYŇ ÇÄKLERINDE SAGLYGY GORAÝYŞ HYZMATLARYNYŇ ÄHLUMUMY JEMLENILMEGI MESELELERI BOÝUNÇA MEJLIS GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda BMG-niň ştab-kwartirasynda Saglygy goraýyş ulgamynda syýasy Jarnamanyň kabul edilmegi bilen Ýokary derejeli hepdeliginiň bäş sany esasy sammitleriniň birinjisi öz işine başlady. Ol “Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ählumumy jemlenilmegi: has sagdyn dünýäni emele getirmek üçin bilelikde” atly şygar astynda geçirildi. BMG-niň BA-nyň saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ählumumy jemlenilmegi meseleleri boýunça sammitinde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Sagly...

DOWAMY
pic
19 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE EÝRANYŇ MARY ŞÄHERINDÄKI BAŞ KONSULY BILEN DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki Baş konsuly Rasul Jafari bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ugurlary dogrusynda gürrüň etdiler. Mary welaýatynyň we Horasan-e-Rezawi welaýatynyň arasyndaky söwda-ykdysady ulgamyndaky we ko...

DOWAMY
pic
18 Sen

TÜRKMEN-GERMAN ÖZARA HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary,  Daşary işler ministri R.Meredowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Naýthart Hýöfer-Wissing bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň «Ýol kartasynyň» ähmiýetli ugurlaryny...

DOWAMY
pic
18 Sen

GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýerkebulan Sapiýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatiki gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň, maýa goýum hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara hereket...

DOWAMY
pic
17 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ BA TARAPYNDAN KARARNAMANYŇ WE BMG-NIŇ BA-NYŇ 73-NJI MEJLISINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE BIRINJI HYF-NYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA BAŞLYKLYK ETMEGIŇ BEÝANNAMASYNYŇ KABUL EDILMEGINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2021-nji ýyl» atly Kararnamanyň hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleri boýunça başlyklyk etmegiň Beýannamasynyň kabul edilmegine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge biziň ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we edaral...

DOWAMY
pic
16 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE SINGAPUR RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Singapuryň Menejment Ösüşi Institutynyň Prezidenti jenap Erik Kuan Çun Hokyň ýolbaşçylygyndaky Singapur Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň awgust aýynda Singapur Respublikasyna bolan döwlet saparynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda we giňeldilmeginde möhüm ädim bolandygyny kanagatlanma bilen belläp geçdiler....

DOWAMY