RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Maý

TÜRKMEN KÖLÜNIŇ GOLAÝYNDA TÄZE DURMUŞ-ÖNÜMÇILIK TOPLUMYNYŇ DÜÝBÜNI TUTMAK DABARASY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüşiniň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim ädildi. Bu «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy bolup durýandyr. Bu dabaraly çärä Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutany ýadygärlik ýazgysyny goýdy we ol kapsula ýerleşdirildi, bu bolsa täze toplumyň desgalarynyň biriniň binýadyna goýuldy. Şeýle hem bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we...

DOWAMY
pic
7 Maý

AŞGABATDA ÝOKARY DEREJELI TÜRKMEN-RUS GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Aşgabatda ýokary derejeli türkmen-rus gepleşikleri geçirildi, olara gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary – Hökümetiň Diwanynyň ýolbaşçysy K.A.Çuýçenko tarapyndan başlyklyk edilýän wekiliýet ýurdumyza geldi. Günüň birinji ýarymynda myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-rus gatnaşyklaryna...

DOWAMY
pic
7 Maý

BAKUDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Azerbaýjanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing geçirildi.   Brifingiň barşynda türkmen tarapy çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek boýunça başlangyçlary, şeýl...

DOWAMY
pic
4 Maý

STAWROPOL ÜLKESINDE AKYLDAR ŞAHYRYMYZ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 295-ÝYLLYGY BELLENILDI

2019-njy ýylyň 4-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Stawropol ülkesiniň Blagodarnenski etrabynyň Edelbay obasynda türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 295-ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Bu çäre Stawropol şäheriniň, şeýle hem Stawropol ülkesiniň Ipatowski, Turkmenski, Arzgirski, Neftekumski we Blagodarnenski etraplarynyň hem-de Astrahan oblastynyň türkmen kowçumlarynyň wekilleri tarapyndan gurnaldy. Şeýle hem dabaralara Türkmenistanyň Russiýa Fed...

DOWAMY
pic
3 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ABŞ-DEN GELEN BILERMENLERIŇ GATNAŞMAGYNDA GEÇIRILEN STRATEGIKI DIALOG BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY TAMAMLANDY

2019-njy ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa boýunça strategiki barlaglar merkeziniň (NESA) bilermenleriniň gatnaşmagynda Günorta we Merkezi Aziýada ABŞ-nyň howpsuzlyk syýasaty boýunça geçirilen okuw maslahaty öz işini tamamlady. Okuw maslahatynyň işine Türkmenistanyň Daşary işler, Goranmak, Milli howpsuzlyk ministrliklerinden we Döwlet serhet gullugyndan wekiller gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Merkezi we Günorta Aziýadak...

DOWAMY
pic
2 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-AMERIKAN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda nobatdaky türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Amerikan wekiliýetine ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Orta Aziýa işleri boýunça edarasynyň Orta Aziýa işleri boýunça müdirliginiň direktory Mark Mudi ýolbaşçylyk etdi. Syýasy geňeşmeleriň barşynda taraplar halkara platformalarynyň çäklerinde, özara hereket etmegiň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen sebitiň içindäki gatnaşyklarynyň giňledilme...

DOWAMY
pic
1 Maý

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygynyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistanyň Kärdeşler arkalaşyklary Federasiýasynyň başlygynyň orunbasary Ýarkun Faýzullaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň aprel aýynda Özbegistan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde gol çekilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Özbegistanyň Kärdeşler arka...

DOWAMY