SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BMG-NIŇ SYÝASY WE PARAHATÇYLYK GURUJY MESELELER BOÝUNÇA BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň syýasy we parahatçylyk gurujy meseleler boýunça Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rozmari A.Dikarlo bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar wajyp halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar. BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit merkeziniň işjeňligi bellenildi, durnuklylygy, howpsuzlygy we Merkezi Aziýa sebitiniň ösüşini üpjün etmek boýunça merkeziň täze başlangyçlary aýrat...
TÜRKMENISTAN TERRORÇYLYKDAN AZAT BOLAN PARAHATÇLYGY GAZANMAK BOÝUNÇA HEREKETLERIŇ KODEKSINE GOL ÇEKDI
2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri terrorçylykdan azat bolan parahatçlygy gazanmak boýunça hereketleriň Kodeksine gol çekdi. Türkmenistanyň ýokarda agzalan halkara resminamasyna goşulmagy, terrorçylyga garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn resminamalardan gelip çykýan borçnamalaryň ýerine ýetirilişine biziň ýurdumyzyň berk ygrarlydygynyň ýene bir subutnamasydyr.
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BMG-NIŇ KONTRTERRORÇYLYK MÜDIRLIGINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş Sekretarynyň Orunbasary, Kontrterrorçylyk müdirliginiň başlygy Wladimir Woronkow bilen duşuşdy. Taraplar BMG bilen Türkmenistanyň BMG-niň Global kontrterrorçylyk strategiýasyny durmuşa geçirmekdäki hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, BMG-niň agza döwletleriniň arasyndaky halkara terrorçylyga, ekstremizme we beýleki howplara garşy göreş ugrundaky bor...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň çäklerinde Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gyzgyn salamlar ýetirildi. Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň meseleler toparyny ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň Baş Sekretar...
TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ BEÝIK BRITANIÝA IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministriniň we Ahal welaýatyň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň birleşen Patyşalygynyň paýtagty - London şäherine iş sapary bilen bardylar. Saparyň birinji gününde türkmen wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça Ýörite söwda wekili Baronessa Emma Nikolson bilen duşuşygy hem-de Beýik Britaniýanyň Daşky gurşaw...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň işine gatnaşmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministri Şeýh Halid Bin Ahmed Bin Mohamed Al Halifa bilen duşuşdy. Bahreýn Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden Rezolýusiýalarynyň wajyplygyny aýratyn belledi. Bahreýniň Patyşasynyň şu ýylyň mart aýynda Aşgabada bolan...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINSITRI BILEN OMANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ DUŞUŞYGY
BMG-niň BA-nyň 74-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministri Ýusuf bin Alaui bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň üstünde durlup geçildi. Hususan-da, taraplar nebit-gaz we nebit-himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini hem-de Özbegistan–Türkmenistan–Eýran–Oman geçelgesiniň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.