SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATY DABARALY ÝAGDAÝDA AÇYLDY
2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu waka Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Sportuň oýun görnüşleriniň toplumy çempionatyň dabaraly açylyşynyň geçirilýän ýeri boldy. Hormat garawulynyň esgerleri tarapyndan dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy meýdança getirildi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Soňra sport topl...
AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA HALKARA FEDERASIÝASYNYŇ KONGRESI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda paýtagtymyzyň “Sport” myhmanhanasynda Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) Kongresi geçirildi we onuň işine IWF-nyň wekilleri, Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem daşary ýurt we ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Kongresiň dowamynda gatnaşyjylara gutlag sözi bilen Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) Prezidenti doktor Tamaş Aýan, şeýle hem Türkmenistanyň Sport...
NÝU-ÝORKDA DURNUKLY ULAGYŇ ÖSÜŞI BOÝUNÇA TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen hem-de BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri baradaky departamentiniň (UN DESA), BMG-niň iň pes ösen ýurtlar, deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlar we kiçi ada ösüp gelýän ýurtlar boýunça Ýokary wekiliniň Müdiriýetiniň (UN OHRLLS), Bütindünýä Bankynyň (WBG) we Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň (ICTD) ýardam bermeklerinde “2030-njy ýyla çenli hemmeler üçin ulagyň we ykj...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNDA RESMI IŞ SAPARYNDA BOLDY
2018-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet topary Azerbaýjan Respublikasynda resmi iş saparynda boldy. Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň başynda türkmen-azerbaýjan ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklary, şeýle hem ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşi boýunça meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ABU-DABIDE “AGRISCAPE-2018” ATLY SERGI-MASLAHATYNA GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 29-30-njy oktýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde Oba hojalyk toplumyna maýa goýumlary çekmeklige hem-de azyk howspuzlygy meselelerine bagyşlanan “Agriscape” atly 2-nji sergi-maslahaty geçirildi. Sergi-maslahat BAE-niň Premýer ministriniň orunbasary, Prezidentlik işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň ýolbaşçylygynda hem-de BAE-niň Azyk howspuzlygy boýunça döwlet ministri Mariam Hareb Almeiriniň garamagynda Abu Dabiniň Azyk howsp...
“TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnaly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşlary açýar. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE GFR-Ň WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILD
2018-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bundestagynyň (Parlamentiniň) Merkezi Aziýa boýunça parlamentara toparynyň başlygy Manfred Grundyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar, üstünlikli ösýän türkmen-german hyzmatdaşlygynyň gidişini belläp, gejekde parlamentara gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi we iki ýurduň deputatlarynyň arasyndaky özaragatnaşyklary...