SOŇKY HABARLAR
MARTDA GEÇIRILJEK SAÝLAWLARDA GDA, BMG, ÝHHG DIAHBE,ŞHG, YHG SYNÇYLARYNYŇ GELMEGINE GARAŞYLÝAR
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriniň agzalarynyň 25-nji martda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak we hödürlemek işleri dowam edýär. Ähli saýlaw okruglarynda Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň komitetleriniň hem-de raýatlar toparlarynyň ýygnaklary geçirilýär, şolaryň barşynda ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjylyk edarasyna, ýerli häkimiýet hem-de...
BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ 2018-NJI ÝYL ÜÇIN IŞ MEÝILNAMASY
2018-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň 2018-nji ýyl üçin iş meýilnamasy bilen tanyşdyrmaklyga bagyşlanan tegelek stol görnüşindäki mejlisi geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi bilen hyzmatdaşlyk esasynda gurnaldy. Tegelek stolyň işine Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt döwletl...
Türkmenistan halyçylyk we ahalteke atçylyk sungatyny Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işleri geçirýär
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen iri edaralary bilen netijeli aragatnaşyklaryň berkidilmegine, bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy (UNESKO) bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär. Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý ýaly Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi. 2017-nji ýylyň dekabrynda Küştdepdi aýdym we tans dessury Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki...
GRUZIÝADA “TÜRKMENISTAN - SAGDYN DURMUŞYŇ WE SPORT ÜSTÜNLIKLERINIŇ ÝURDY” ADY BILEN MASLAHAT GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 6-njy fewralyndan Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Gruziýanyň Sport federasiýasy bilen bilelikde Tbilisi şäheriniň “Rooms” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. Sagdyn durmuşyň we sport üstünlikleriniň ýurdy” ady bilen maslahat geçirildi. Agzalan maslahata, Gruziýanyň Parlamentiniň Sport we ýaşlaryň işleri boýunça komitetiniň başlygy M.Kawelaşwili, Gruziýanyň Sport federasiýasynyň başlygy Z.Bokolişwili, Gruziýanyň Turizm federasiýasyny...
PEKINDE SYÝAHATÇYLYK ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK ETMEK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ MASLAHATY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 2-nji fewralynda Pekinde syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-hytaý maslahaty geçirildi. Ol ýurdumyzyň HHR-däki Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti, “Şuangsýun” we “Beýçen” hytaý kompaniýalary bilen bilelikde guraldy. Duşuşyk döwlet düzümleriniň wekillerini, işewürleri, syýahatçylyk ulgamynda ýöriteleşen marketologlary, bilermenleri, awiadaşaýjylary, şeýle hem Hytaýyň habar beriş serişdeleriniň wekillerini ýygnady. Çär...
ZAGREBDE TÜRKMEN-HORWAT SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 1-2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýobaşçylygyndaky wekiliýeti türkmen-horwat syýasy geňeşmelerine gatnaşmak üçin Zagreb şäherine sapar bilen bardy. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Horwatiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň Döwlet Sekretary h-m Zdrawka Buşiç tarapyndan kabul edildi. Geçirilen türkmen-horwat syýasy geňeşmelerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda özara...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň partiýa resminamalaryny öwrenmek boýunça Merkeziniň başlygy j-p Len Žunuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäginde taraplar ikitaraplaýyn özaragatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikirler alyşyp, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny geljekde işjeňleşdirmek boýunça tekliplerini beýan etdiler. Dürli derejelerdäki işjeň köpmeýilli...