SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda 2017-nji ýylda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy netijeleri, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa gecirmegiň çäginde geçen ýyl boýunça DIM-niň işiniň netijeleri, şeýle hem 2018-nji ýyl üçin meýilleşdirilýän çäreler bilen tanyşdyrmak boýunça brifing geçirildi. Brifingiň işine Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň işgärleri, Türkmenistanda akk...
TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarowyň duşuşygy boldy. Taraplar ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyk meselelerini şeýle-hem özara gyzyklanma bildirilýan ähmiýetli halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Tejribede görnüşi ýaly özara hormata esaslanan köptaraplaýyn türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösmeginiň girewi bolan iki Prezidentiň yna...
AŞGABATDA ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNYŇ MÜDIRIÝETINIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Aşgabatda Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine AHHG-niň Müdiriýeti – Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministrleriniň orunbasarlary, Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary, AHHG-niň esaslandyryjy-döwletleriniň DIM-niň wekilleri gatnaşdylar. Müdiriýetiň mejlisinde: Türkmenistanyň başlyklyk...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASY BILEN YLALAŞYGA GOL ÇEKIŞLIK DABARASY BOLDY
2018-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda Birleşen Milletler Guramasyna jaý bermek hakyndaky Ylalaşyga» gol çekişlik dabarasy boldy. Gol çekişlik dabarasyna BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgärleri we ýolbaşçylary hem-de Daşary işler ministrliginiň işgärleri gatnaşdylar. Türkmen tarapy halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy gi...
DUŞENBEDE “MERKEZI AZIÝA + ÝAPONIÝA” DIALOGYŇ ÝOKARY WEZIPELI ŞAHSLARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ýokary wezipeli şahslaryň nobatdaky 12-nji mejlisine gatnaşdy. Onuň işine Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary hem-de bu dowletleriň Täjigistanda akkreditirlenen ilçileri gatnaşdylar. Ýapon tarapyna Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Me...
DÖWLET GULLUGY AKADEMIÝASYNDA BMG-NIŇ ÖM BILEN BILELIKDÄKI TASLAMASYNY DOLANDYRMAK BOÝUNÇA GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Akademiýanyň we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasyny dolandyrmak boýunça Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşykda 2017-nji ýylda taslamany durmuşa geçirmegiň jemlerine seredildi, şeýle hem 2018-nji ýylda BMG-niň ÖM bilen hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy ugurlary bellenildi. Belli bolşy ýaly 2017-2019-njy ýyllara niýetlenen taslama Döwlet gullugy akademiýasynyň ösüşiniň meýilnamalaryny...
LONDONDA TÜRKMEN-BRITAN IŞEWUR GATNAŞYKLARYNYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2018-nji ýylyň 21-23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti nobatdaky ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirmek we Türkmen-Britan söwda senagat geňeşiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin Londonda iş saparynda boldy. 21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen Beýik Britaniýanyň Daşary işler we arkalaşyk işleri boýuça ministrliginiň Ýewropa, Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlarynyň işleri b...