RSS

SOŇKY HABARLAR

29 Mar

KOREÝA RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ MEDENI WE YLMY ÇÄRELERIŇ TOPLUMY BAŞLANDY

2023-nji ýylyň 29-31-nji mart aralygynda Koreýanyň Seul we Uejeongbu şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu çärelere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de ýurdymyzyň degişli wekilleri, şol sanda  sungat ussatlary, alymlar, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşmak üçin Koreýada saparda bolýarlar. 2023-nji ýylyň 29-njy martynda Seulyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň aç...

DOWAMY
29 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BRIFING GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Arkadag şäherine, bu taslamanyň Türkmenistan üçin uly ähmiýetine hem-de ony durmuşa geçirmegiň halkara ugurlaryna bagyşlanan brifing geçirildi.  Duşuşyga daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, milli hem-de daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň belleýşi ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyý...

DOWAMY
29 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersogyň we Premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Ysraýyl Döwletiniň ýokary dere...

DOWAMY
28 Mar

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ DEPUTATLARYNYŇ, HALK MASLAHATLARYNYŇ WE GEŇEŞLERIŇ AGZALARYNYŇ SAÝLAWLARYNYŇ DESLAPKY JEMLERI JEMLENDI

2023-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparynyň başlygy brifing geçirip, onda düýn Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň üstünlikli tamamlanadygy barada aýtdy.    Çärä ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Şanhaý Hyzmatdaşly...

DOWAMY
25 Mar

TÜRKMENISTANYŇ ABŞ-DAKY ILÇIHANASYNDA TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ DEPUTATLARYNYŇ SAÝLAWLARY GEÇIRILÝÄR

2023-nji ýylyň 26-njy martynda boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda raýatlarymyzyň saýlawlara gatnaşmak hukuklaryny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Saýlawçylar  saýlaw uçastoklarynda ses bermekleri üçin ähli şertler üpjün edilýär. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, öňünden ses bermek 2023-nji ýylyň 16-njy martyndan başlandy. Bu prosedura, ilkinji nobatda, iş saparlarynda ýa-da dynç alyşda syýahat edýän raýatlar, şeýle hem saý...

DOWAMY
24 Mar

MEETING AT THE MFA OF TURKMENISTAN WITH THE SECRETARY GENERAL OF THE CIS

On March 24, 2023, the Minister of Foreign Affairs Rashid Meredov held talks with the Secretary General of the Commonwealth of Independent States Sergey Lebedev, who arrived in the Turkmen capital at the head of the CIS Observer Mission to participate in the assessment of the elections of deputies of the Mejlis of Turkmenistan and members of local representative authorities, which will be held on March 26, 2023. In frames of the discussion of the organizational aspects of election preparation...

DOWAMY
24 Mar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GDA-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Arkadagymyz GDA-nyň synçylar toparynyň 26-njy martda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň agzalarynyň saýlawlaryna syn etmäge gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. GDA-nyň Baş sekretary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar...

DOWAMY