RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
31 Awg

TÜRKMENISTANYŇ HAZAR DEŇZINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYŇ MEJLISI

2023-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibiniň çäginde Toparyň şu ýylky iş Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýakyn geljekde geç...

DOWAMY
pic
29 Awg

TÜRKMENISTAN BILEN ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin ÝB-niň ilçisine hoşallyk bildirdi. Şol bir wagtyň özünde, ikitaraplaýyn görnüşde we "Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi" formatynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bilele...

DOWAMY
pic
26 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PALESTINA DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Mahmud Abbasyň salamyny we Palestina gelmek baradaky çakylygyny hem-de ähli türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pales...

DOWAMY
pic
25 Awg

TÜRKMENISTANDA DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA MILLI IŞ TOPARYNYŇ TEGELEK STOLUNYŇ BILELIKDÄKI MEJLISI

2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanda Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli iş toparynyň tegelek stolunyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem BMG-niň Aşgabatdaky edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Duşuşygy açmak bilen, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet...

DOWAMY
pic
25 Awg

TÜRKMENISTANYŇ WE PALESTINA DÖWLETINIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa, düýn biziň ýurdumyza sapar bilen gelen Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan Palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda Palestinanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň Baştutany tarapyndan alnyp barylýan içerki we daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlary barada maglumat berildi, onuň iň möhüm ugry dünýä parahatçylygynyň...

DOWAMY
pic
25 Awg

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY PALESTINA DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 24-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşdy. Myhman Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aşgabatda ýene-de bolup görýändigine şatdygyny belledi we türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbini özgertmek boýunça amala aşyrylýan giň geri...

DOWAMY
pic
24 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMENISTAN BILEN PALESTINA DÖWLETINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistan Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyndan gepleşiklere Daşary işler ministri Raşid Meredow, Palestina tarapyndan, Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan Palestinalylaryň işi boýunça ministri Riýad Al-Maliki ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň hä...

DOWAMY