SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ÇEHIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Çehiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Wena şäheri) H.Amannazarow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde Çehiýanyň Prezidenti bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawel Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi hem-de iki ýurduň arasyndaky özara b...
TÜRKMENISTANYŇ RESMI WEKILIÝETINIŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNA SAPARY
2023-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýetiň Koreýa Respublikasyna iş sapary başlandy. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Doksun bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda B.Annamämmedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI FORUMA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýorkda “COVID-19-dan soň dikeldiş işini çaltlaşdyrmak we ähli derejelerde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ugurlarynda Gün tertibiniň doly durmuşa geçirilmegi” atly mowzuk bilen geçirilýän Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşdy. Forumyň umumy mejlisinde çykyş etmek bilen, ministr 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibini durmuşa geçi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmelere gatnaşmak üçin Aşgabada sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 15-nji iýulynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistana resmi sapar bilen gelen wekiliýet bilen gepleşikler geçirdi. Syýasy geňeşmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça strategiki häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyl...
DAŞARY ÝURT KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI TÄZE ARKADAG ŞÄHERINIŇ AÇYLYŞY BARADA
Malim bolşy ýaly, Türkmenistanda 2023-nji ýylyň esasy wakalarynyň biri ol hem täze döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli 29-njy iýulda möçberli dabaralaryň geçirilmegi boldy. Arkadag şäheriniň açylyş çärelerine gatnaşmak üçin Türkmenistanda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belgiýanyň, Wengriýanyň, Gruziýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Fransiýanyň we Ýaponiýanyň 29 sany halkara habarlar agentlikle...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NIŇ HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 7-nji iýulynda ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Mariýa Şmidiň ýolbaşçylygynda Wenada Howanyň üýtgemegi boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi, oňa Türkmenistanyň oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Ç.Çetiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Maslahata ÝHHG-niň agza döwletleriň we hyzmatdaşlarynyň ministrleri, howanyň üýtgemegi boýunça wekilleri we beýleki ýokary derejeli syýasy işgärler, şeýle hem halkara guramalarynyň we raýat jemgyýetiniň wekill...