RSS

SOŇKY HABARLAR

6 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY AMALA AŞYRYLDY

2023-nji ýylyň 5-6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň täze ýylda daşary ýurda ilkinji saparynyň 6-njy ýanwarda bellenilen şanly sene — Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy bilen gabat gelendigini bellemek zerurdyr. 5-nji ýanwarda Prezidentimiziň uçary Pekiniň “Şoudu” Halkara howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýanynda döwlet Baştutany...

DOWAMY
27 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 26-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp boýunça her ýyl Sankt-Peterburg şäherinde ýylyň ahyrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň “Pulkowo” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştuta...

DOWAMY
24 Dek

TÜRKMENISTANYŇ WE ÝAPONIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2022-nji ýylyň 24-nji dekabrynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoşimasa Haýaşi bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysyna “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” Dialogynyň nobatdaky mejlisini gurnamak başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirdi we duşuşygyň öz wagtynda bolandygyny belläp, kärdeşine “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň 9-njy  mejlis...

DOWAMY
24 Dek

TOKIO ŞÄHERINDE “MERKEZI AZIÝA+ÝAPONIÝA” DIALOGYNA GATNAŞYJY ÝURTLARYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ 9-NJY MEJLISI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Tokio şäherinde «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň 9-njy mejlisi geçirildi. Oňa Ýaponiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriň ýolbaşçylary, Ýaponiýada akkreditirlenen bu döwletleriň Ilçileri, ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýaponiýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleri gutlag sözleri bi...

DOWAMY
23 Dek

TOKIODA TÜRKMEN-ÝAPON PARLAMENTARA HYZMATDAŞLYGYNYŇ GELJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Ýaponiýanyň Parlamentinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň Parlamentara Assambleýasynyň başlygy Taro Aso bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklar Merkezi Aziýa bilen Ýaponiýanyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi. Parlamentara dostluk toparlarynyň yzygiderli duşuşyklary işjeň parlamentara hyzmatdaşlygynyň aýdyň subutnamasy bolup h...

DOWAMY
23 Dek

ÝAPONIÝADA IŞ SAPARY BILEN BOLÝAN TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI KÖP SANLY DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI

2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Prezidenti Akihiko Tanaka bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaş ýurtlara ýapon tejribesine esaslanýan amaly bilimleri almaga mümkinçilik berýän JICA-nyň işleýşinde okuw maksatnamalarynyň ähmiýeti barada bellenildi. JICA-nyň okuwlarynyň ykdysadyýet we maliýe, bilim, telekeçilik, tebigy gaz tehnogologiýalary, ulag we logistika hem-de syýaha...

DOWAMY
22 Dek

YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-ÝAPON KOMITETLERINIŇ NOBATDAKY 14-NJI MEJLISI TOKIO ŞÄHERINDE GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky 14-nji mejlisi Tokio şäherinde geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti bu forumyň işine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Ýaponiýa bardy. Mejlisiň başynda türkmen tarapy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň umumy ýagdaýy barada gysgaça syn berdi. Ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda soňky birnäçe...

DOWAMY