RSS

SOŇKY HABARLAR

13 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AZIÝADA ÖZARA HYZMATDAŞLYK WE YNAMY BERKITMEK ÇÄRELERI BOÝUNÇA GEŇEŞINIŇ (CICA) VI SAMMITINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Astana şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) VI Sammiti geçirildi. Onda Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Ýokary derejeli halkara sammitiň işine döwlet we hökümet baştutanlary, gatnaşyjy-ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleri, ýolbaşçylary hem-de synçy döwletleriň, synçy halkara guramalaryň we hyzmatdaşlaryn...

DOWAMY
13 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE EÝRANYŇ GOLESTAN WELAÝATYNYŇ HÄKIMINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK

2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Eýran Yslam Respublikasynyň Golestan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Seýed Mohammad Dahnawy bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryny özara deň hukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini bellediler. Iki ýurduň serhetýaka welaýatlarynyň – Balkan welaý...

DOWAMY
13 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ SINGAPURYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ EDARASYNYŇ MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Daşary işler Ministriniň Gazagystan Respublikasyna halkara we döwlet ähmiýetli birnäçe çärelere gatnaşmak maksady amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde, 2022-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Singapuryň Premýer-ministriniň edarasynyň Ministri Mohamad Maliki bin Osmanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ähmiýeti, şeýle hem ozal amala aşyrylan saparlaryň netijelil...

DOWAMY
12 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETINIŇ BERLIN ŞÄHERINDE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI WE HOWPSUZLYK BOÝUNÇA MASLAHATYNA GATNAŞMAGY

2022-nji ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepow howanyň üýtgemegi we howpsuzlyk boýunça 4-nji Berlin maslahatyna gatnaşdy. Maslahatyň işine daşary işler ministrleri, dürli ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň döwlet sekretarlary, halkara we sebitleýin guramalarynyň wekilleri, ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri, şeýle hem daşky gurşawy goramak, suw gorlary we betbagtçylyklaryň töwekgel...

DOWAMY
12 Okt

GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI

2022-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Astana şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky Mejlisine gatnaşdy. Mejlise Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Daşary işler ministrler 2022-nji ýylyň 14-nji...

DOWAMY
12 Okt

“MERKEZI AZIÝA – KOREÝA RESPUBLIKASY” HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ýakyn wagtda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde Daşary işler ministrleriniň derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän 15-nji «Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumyna (MA-KR) taýýarlyk görmegiň çäklerinde gatnaşyjy-ýurtlaryň duşuşygyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Duşuşyga şeýle hem Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň...

DOWAMY
11 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKSOÝ-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK

2022-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny maslahatlaşdylar hem-de onuň ileri tutulýan ugurlaryna seredip geçdiler. Şol bir wagtda, taraplar türki dilli halklaryň baý medeni mirasynyň goranyp saklanylmagyna, öwrenilmegine we dünýäde ýaýbaňlandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň TÜR...

DOWAMY