RSS

SOŇKY HABARLAR

7 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşdy. Şeýle hem, sammite  Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wlasimir Putin, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-...

DOWAMY
6 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ II HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞMAGY

2022-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ikinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy. Forumyň umumy mejlisiniň çäklerinde hazarýaka ýurtlarynyň arasynda energetika, söwda we maýa goýumlary, ulag we logistika, «ýaşyl» ykdysadyýet we durnukly ösüş, telekeçilik işi, ylym we innowasiýalar, amatsyz sanitariýa-epidemiologiki ýagdaýlaryna garşy göreşmek ýaly birnäçe ugurlar...

DOWAMY
6 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI IKAO GURAMASYNYŇ ASSAMBLEÝASYNYŇ 41-NJI MEJLISINE GATNAŞDY

Halkara raýat awiasiýa guramasynyň (ICAO) ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili M.Orazow 2022-nji ýylyň 27-nji sentýabryndan 7-nji oktýabry aralygynda Kandanyň Monreal şäherinde geçirilýän IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy. Çärede gurama agza döwletler we halkara guramalaryň wekilleri 21-nji asyrda howa ulaglarynyň durnuklylygyna we sanly ulgama geçmegine ýardam berjek IKAO-nyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň hökümeti, 2012-2030-njy...

DOWAMY
5 Okt

“TÜRKMENISTAN – ABŞ” IŞEWÜRLIK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

2022-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.  Duşuşyga Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Geňeşiň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi M.Klimou hem-de «John Deere», «Case New Holland», «Boeing», «Exxon Mobil», «Westport Trading Ltd.»,...

DOWAMY
5 Okt

ABŞ-NYŇ DÖWLET SEKRETARYNYŇ ÝARAGLARA GÖZEGÇILIK, BARLAG WE BERJAÝ ETMEK BOÝUNÇA KÖMEKÇISINIŇ BIRINJI ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK

2022-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ABŞ-nyň Döwlet Sekretarynyň Ýaraglara gözegçilik, barlag we berjaý etmek boýunça Kömekçisiniň birinji Orunbasary Pol Din bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşykda howpsuzlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meselelerine seretdiler, häzirki zaman wehimlere we howplara netijeli garşy...

DOWAMY
5 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ AZIÝA OLIMPIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 41-NJI MEJLISINE GATNAŞMAGY

2022-nji ýylyň 3-5-nji oktýabry aralygynda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kamboja Patyşalygynyň Pnopmen şäherinde iş saparynda boldy. Gün tertibine laýyklykda, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň hem-de Tomusky we Gyşky Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk işleri boýunça komitetleriň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem Baş Assambleýanyň dowamynda Aziýa sebitinde spo...

DOWAMY
4 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE AZIÝA WE ÝUWAŞ UMMAN SEBITINIŇ FORUMYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK

2022-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýurdumyzyň Adalatçynyň Diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermek üçin Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň Forumynyň ýörite wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleleri ara alnyp malshatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň – Adalatçynyň edarasynyň abraýly halkara...

DOWAMY