img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ABŞ - WAŞINGTON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ ABŞ-DAKY ILÇIHANASYNDA FLEX MAKSATNAMASY BOÝUNÇA OKUWYNY TAMAMLAN TÜRKMEN OKUWÇYLARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynda 2025–2026-njy okuw ýylynda FLEX (Future Leaders Exchange) maksatnamasynyň çäklerinde ABŞ-nyň orta mekdeplerinde okuwyny üstünlikli tamamlap, Watanymyza dolanýan türkmen okuwçylary bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Ilçisi Esen Aýdogdyýew okuwçylary maksatnamany üstünlikli tamamlamagy bilen gutlap, olara geljekki okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Ilçi bilim boýunça alyş-çalyş maksatnamalaryň Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky özara düşünişmegi, dostlukly gatnaşyklary we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekdäki möhüm ornuny belledi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçihanana tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan prezentasiýa guraldy.

Çäräniň dowamynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, soňky ýokary derejeli gatnaşyklar, «C5+1» görnüşindäki hyzmatdaşlyk, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, bilim we medeni gatnaşyklary ösdürmek boýunça Ilçihananyň alyp barýan işleri barada gürrüň berildi.

Duşuşygyň ahyrynda okuwçylar bilen pikir alşyldy.