SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA BMG-NIŇ GLOBAL KONTRTERRORISTIK STRATEGIÝASYNY AMALA AŞYRMAK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MEJLISI GEÇIRILDI
AŞGABATDA BMG-NIŇ GLOBAL KONTRTERRORISTIK STRATEGIÝASYNY AMALA AŞYRMAK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MEJLISI GEÇIRILDI 2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde Aşgabatda «Merkezi Aziýada BMG-niň Global Kontrterroristik strategiýasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegine tarap» atly Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki iş meýilnamasynyň amala aşyrylşy boýunça ýokary derejeli mejlisi, şeýle hem Merkezi Aziýa üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny goldamakda bilelikdäki taslamasynyň üçünji tapgyrynyň işe...
HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ BILERMENLERI SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan gurnalan Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň mejlisi geçirildi. Bu Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilýän Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň...
ENERGETIKA INFRASTRUKTURASYNYŇ TEBIGY BETBAGTÇYLYKLARDAN GORAGLYLYGY – ÝHHG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY OKUW MASLAHATYNYŇ ÜNS MERKEZINDE
2018-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi energetika infrastrukturasynyň goragyna we energetika howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilen mümkin bolan howplaryň we netijeli seslenme çärelerini taýýarlamaga, beýleki mehanizmleriň täsiriniň we ornaşdyrylmagynyň seljerilmegi meselelerinde öňdebaryjy halkara tejribesini alyşmak maksady bilen Aşgabatda iki günlük çäresini gurnady. Maslahatyň işine adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Döwlet toparynyň, harby we hukuk goraýjy edaralar...
WÝETNAM SOSIALISTIK RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministliginde Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) jenap Ngo Dyk Man bilen duşuşyk boldy. Gepleşikleriň barşynda Günorta-Gündogar Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy güýçlendirmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, türkmen tarapy dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşykl...
TÜRKMENISTANYŇ WE ŞWEÝSARIÝANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER
2018-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Şweýsariýanyň Daşary işler federal departamentiniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Şweýsar tarapynyň wekiliýetine Ilçi, DIFD-niň Döwlet sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa ýurtlary we ÝHHG boýunça kömekçisi Nikolas Brýül ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda syýasy gatnaşyklary, parlamentara özaragatnaşyklaryň we halkara guramlaryň çäginde ikitaraplaýyn gatnaşyklar...
AŞGABATDA HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK ASSOSIASIÝASYNYŇ VIII MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 26-njy aprelinde Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisi geçirildi. Bu foruma gatnaşmak üçin hökümet agzalary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýurdumyzdaky we daşary ýurtlardaky agzalary, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bu ýere ýygnandylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulagy “Oguzkent” myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY DOWAM EDÝÄR
2018-nji ýylyň 24-nji aprelinde irden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Islam Karimow adyndaky Halkara howa menziline tarap ugrady. Prezidentiň uçary özbek paýtagtynyň howa menzilinden meşhur taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanalýan Ürgenje—Horezm oblastynyň dolandyryş merkezine tarap ugur aldy. Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Ürgenjiň howa menzilinde Türkmenistanyň Baştutanyny Özbegistanyň Prezidenti mähirli garşylady. Çagalaryň ýerine ýetirmeginde türkmen we özbek...