SOŇKY HABARLAR
DUŞENBEDE “MERKEZI AZIÝA + ÝAPONIÝA” DIALOGYŇ ÝOKARY WEZIPELI ŞAHSLARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ýokary wezipeli şahslaryň nobatdaky 12-nji mejlisine gatnaşdy. Onuň işine Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary hem-de bu dowletleriň Täjigistanda akkreditirlenen ilçileri gatnaşdylar. Ýapon tarapyna Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Me...
DÖWLET GULLUGY AKADEMIÝASYNDA BMG-NIŇ ÖM BILEN BILELIKDÄKI TASLAMASYNY DOLANDYRMAK BOÝUNÇA GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Akademiýanyň we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasyny dolandyrmak boýunça Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşykda 2017-nji ýylda taslamany durmuşa geçirmegiň jemlerine seredildi, şeýle hem 2018-nji ýylda BMG-niň ÖM bilen hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy ugurlary bellenildi. Belli bolşy ýaly 2017-2019-njy ýyllara niýetlenen taslama Döwlet gullugy akademiýasynyň ösüşiniň meýilnamalaryny...
LONDONDA TÜRKMEN-BRITAN IŞEWUR GATNAŞYKLARYNYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2018-nji ýylyň 21-23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti nobatdaky ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirmek we Türkmen-Britan söwda senagat geňeşiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin Londonda iş saparynda boldy. 21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen Beýik Britaniýanyň Daşary işler we arkalaşyk işleri boýuça ministrliginiň Ýewropa, Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlarynyň işleri b...
TDIM-NDE HALKARA TALYP SPORTY FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Halkara talyp sporty federasiýasynyň Prezidenti Oleg Matysiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar talyp sporty ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmegiň meselelerine garadylar, şeýle hem Halkara talyp sporty federasiýasynyň we Türkmenistanyň sport edaralary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýyklygy barada aýdyp, Türkmenistanyň Daşa...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PARLAMENT WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri R.Meredowyň Koreýa-Türkmenistan parlament dostluk toparynyň Prezidenti Park De Çulyň ýolbaşçylygyndaky Koreýa Respublikasynyň parlamentiniň wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň başynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ýokary görkezijilerini belläp, taraplar parlamentara gatnaşyklaryny we geljekde iki ýurduň parlamentleriniň arasynda özaragatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarlylygyny bellediler. Mundan başga-da...
PALESTINA DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Palestina Döwletiniň Daşary işler ministriniň orunbasary Mazen Şamiýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, olary geljekde ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Öňdebaryjy ugurlaryň hatarynda Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik özaragatnaşyklary bellenildi. Gepleşikleri...
YSLAMABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE PAKISTANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELERIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 14-16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti iki günlik sapar bilen Yslamabatda boldy. Günüň birinji ýarymynda duşenbe güni Pakistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň we Pakistanyň arasynda daşary işler ministrleriň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Pakistan tarapyna ýurduň Daşary işler ministri Khawaja Muhammad Asif ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibine...