img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ABŞ - WAŞINGTON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

photo

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Halkara pul gaznasynyň binasynda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen Gaznanyň Ýerine ýetiriji direktory Patryk Ložewskiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ösüş ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Esasy üns degişli milli edaralar bilen utgaşykly hyzmatdaşlygy berkitmäge hem-de ileri tutulýan ugurlar boýunça amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirildi.

Ilçi E. Aýdogdyýew Türkmenistanyň halkara maliýe institutlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, anyk netijelere gönükdirilen dialogyň ähmiýetini aýratyn belledi. Duşuşygyň netijesinde taraplar geljekde netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.