img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ABŞ - WAŞINGTON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapur bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan edip, ABŞ-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge ähmiýet berýändigini aýtdy hem-de paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny belledi. Şeýle hem Pol Kapur pursatdan peýdalanyp, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Gahryman Arkadagymyza we döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekläp, Prezident Donald Trampa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň dowamynda türkmen-amerikan syýasy geňeşmelerine gatnaşjakdygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu geňeşmeleriň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirip, myhmanyň gepleşikleriniň netijeli we saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada belläp, soňky ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasynda işjeň syýasy dialogyň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen bir hatarda, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda işjeň gatnaşyklar alnyp barylýar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem netijeli ösdürilýär. Ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda «Nicklaus Design», «John Deere», «Case New Holland» we «Boeing» ýaly amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesi toplanyldy.

Şeýle hem iki ýurduň arasynda «Türkmenistan - ABŞ» işewürlik geňeşi hereket edýär we ýakynda Aşgabat şäherinde onuň nobatdaky maslahaty geçirildi.

«Türkmenistan tebigy serişdelere baý ýurtlaryň biri bolmak bilen, energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirýär, öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň deň derejede bähbitlerini nazara almak esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmek ugrunda çykyş edýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi hem-de energetika babatda sebitde geljegi uly Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegine ABŞ tarapyndan berilýän ünse we goldawa ýurdumyzda ýokary baha berilýändigini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika, ulag-logistika ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň halklarymyzyň ýakynlaşmagyna ýardam berýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegini mundan beýläk-de goldamaga taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapur Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň uzak möhletleýin we köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.