SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET NEBIT MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Döwlet nebit ministri Musadik Masud Malik bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ýokary derejedäki gepleşikleriň Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar söwda-ykdysady, husu...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERINIŇ SERGISI AÇYLDY
2022-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň iki günlük sergisi öz işine başlady. Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara gurama...
«TÜRKMENISTANYŇ HALKARA YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY: GAZANYLAN TEJRIBE WE ÖSÜŞIŇ GELJEGI» ATLY HALKARA MASLAHATY
2022-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy: gazanylan tejribe we ösüşiň geljegi» atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor–mugallymlary, talyplary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. M...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET NEBIT MINISTRINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministri Musadik Masud Maligi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýokary ýolbaşçylarynyň — Prezident Arif Alwiniň hem-de Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarifiň salamyny hem-de türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnet...
BMG-NIŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA “DÖM PURSADY” ATLY ÝOKARY DEREJELI ÇÄRE GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti “DÖM pursady” atly ýokary derejeli çärä gatnaşdy. Çäre Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişine itergi bermek maksady bilen gurnaldy. Çärä BMG-niň ýolbaşçylary, dünýä liderleri, Hoşniýetliligiň ilçileri, şeýle hem döwlet we hususy ulgamlaryň, akademiki toparlaryň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräni açmak bilen, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş häzirki wagtda dünýäde dürli gapma-garşylyklar we tebigy...
TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ ÝANYNDAKY HEMIŞELIK WEKILI SLOWENIÝANYŇ DIM-NIŇ DÖWLET SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2022-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewanyň Sloweniýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Samuel Žbogar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda BMG-niň BA-nyň 77-nji sessiýasy, iki ýurduň BMG-de ileri tutýan ugurlary, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler, suw meseleleri we BMG-niň düzümlerindäki saýlawlar bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy....
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI NÝU-ÝORKDA GEÇIRILÝÄN BILIMI ÖZGERTMEK BOÝUNÇA SAMMITINE GATNAŞÝAR
2022-nji ýylyň 16-19-njy sentýabry aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreşiň başlangyjy bilen geçirilýän “Bilimi özgertmek boýunça sammitine” gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde bolarlar. Bu maslahatyň bütin dünýäde bilimi kämileşdirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem pandemiýa sebäpli ýüze çykýan kynçylyklary ýeňip geçmeklige gönükdirilendigini bellemek gerek. Bu çärä BMG agza döwletler, BMG-niň institutlar...