RSS

SOŇKY HABARLAR

14 Apr

Türkmenistan we ABŞ her ýylky syýasy geňeşmelerini geçirdi

2024-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ýyllyk syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. Gepleşikleriň barşynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan wekiliýetine ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Pommerşaým ýolbaşçylyk etdi. Duşuşykda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp ma...

DOWAMY
13 Apr

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri D.Baýramow, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Aleýnik, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriň orunbasary, Daşary işler ministri M.Nurtleu, Gyrgyzystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Ž.Kulubaýew, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow, Täjigistan...

DOWAMY
12 Apr

Türkmenistan 2025-2029-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna kabul edildi

2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde EKOSOS-yň Guramaçylyk sessiýasynyň işiniň çäklerinde Geňeşiň kömekçi edaralaryna saýlawlar geçirildi. Geçirilen saýlawlaryň dowamynda EKOSOS-yň agzalary 2025-2029-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna Türkmenistanyň dalaşgärligini bir agyzdan goldadylar. Şeýlelik bilen, Türkmenistan 2020-nji ýylda saýlanandan soň agzalan Komissiýanyň agzasy hökmünde öz ýerine ýetirýän wezipelerini dowam etdirer.

DOWAMY
6 Apr

Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisiniň press-relizi

2024-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar.   Gün tertibine laýyklykda, Pudagara toparynyň 2024-nji ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işlerini...

DOWAMY
6 Apr

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy

2024-nji ýylyň 5-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ikitaraplaýyn hyzma...

DOWAMY
5 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistan - ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan-ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ABŞ-nyň işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklary hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Prezidenti şu gezekki saparyň özara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp masla...

DOWAMY
5 Apr

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Täjigistanyň çagalaryna sowgat iberildi

2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan dostlukly täjik halkynyň çagalaryna sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy t...

DOWAMY