SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ VIII MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Daşary işler ministrleriniň sekizinji mejlisine gatnaşdy. Nobatdaky köptaraplaýyn duşuşygyň gün tertibi örän baý. Onuň dowamynda Döwlet baştutanlarynyň nobatdaky ýokary derejeli sammitiniň wajyp meseleleri, şeýle-de türki dilli döwletleriň bileleşiginiň ähmiýetli mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy arkaly köptaraplaýyn...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AWSTRIÝANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
2021-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linharty kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Awstriýanyň Federal Prezidentiniň we Federal Kansleriniň salamyny ýetirdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Awstriýa Respublikasynyň ýolbaşçyla...
TÜRKMENISTAN HOWANYŇ ÜÝTGEMEGINE GARŞY HEREKETLERIŇ GÜN TERTIBINIŇ MAKSATLARYNA ÝETMEGIŇ ÝOLUNDA
2021-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda giň gerimde ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Bag ekemk dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti, Hökümet agzalary, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň talyplary, şeýle-de Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Şu günki ählihalk bag ekmek dabarasy Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýykl...
BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN SEBITLEÝIN WEKILI BILEN GEPLEŞIKLER
2021-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Rişard Komenda bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem gatnaşdy. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň BMG-niň adam hukuklary boýunça ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara hereketlerini has hem ösdürmeg...
HOWANYŇ ÜÝTGEMEGINE GARŞY HEREKETLERIŇ GÜN TERTIBINDE TÜRKMENISTANYŇ ÄHMIÝETLI BAŞLANGYÇLARY BEÝAN EDILDI
BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna gatnaşyjylaryň Glazgo şäherinde geçirilýän maslahatynyň (COP26) 26-njy mejlisinde eden çykyşynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow ählumumy Durnukly Ösüş Maksatlarynyň kabul edilmeginden soňra, Türkmenistanyň milli hem-de halkara derejede olaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda işjeň hereketleri durmuşa geçirýändigini belledi. Bu ugurda Türkmenistanyň Milli derejedäki Kesgitli Goýumy (NDC) 2...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NIŇ HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÇARÇUWALY KONWENSIÝASYNA GATNAŞÝAN TARAPLARYŇ MASLAHATYNYŇ 26-NJY MEJLISINE GATNAŞÝAR
2021-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Glazgo şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň 26-njy mejlisine gatnaşýar. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň 26-njy mejlisi – wajyp halkara forum bolup, onda howanyň ählumumy gyzmagyna garşy bilelikdäki hereketle...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ WEKILIÝETLERI HYZMATDAŞLYGYŇ WAJYP MESELELERINE SEREDIP GEÇDILER
2021-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystanda iş sapary bilen bolýar. Şu gün, 30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Owganystanyň Hökümetiniň başlygy Mohammad Hasan Ahund bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda R.Meredow Owganystanyň syýasy durnuklylygyna hem-...