SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN AZIÝADA ÖZARA HYZMATDAŞLYK WE YNAMY BERKITMEK ÇÄRELERI BOÝUNÇA GEŇEŞIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Nur-Soltan şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Gazagystana sapary guraldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart...
TÜRKMENISTANYŇ WE HINDISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ileri tutulýan ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşly...
HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÝAŞLARYŇ MASLAHATY
2021-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda gibrid görnüşinde Türkmenistanda Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň ilkinji maslahaty geçirildi. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 26-njy maslahatynyň (COP26) we Ýaşlaryň maslahatynyň (COY16) öňüsyrasynda bu çäräni Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy bilelikde gurnadylar Maslahata T...
AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE ÝAZAN HATY GELIP GOWUŞDY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen hatynda, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistana Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşinde synçy derejesiniň berilmeginiň ähli agza döwletler tarapyndan goldanylandygy barada habar berýär. “Siziň häzirki wagtda özara gatnaşyklaryň, şol sanda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň çäklerindäki gatnaşyklaryň aýratyn möhümdigi baradaky pikiriňize goşulýaryn. Häzir Azerbaýjanyň şol geňeşde baş...
AŞGABATDA LUKMAN ALYMLARYŇ HALKARA FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2021-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda türkmen paýtagtynyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda gibrid görnüşinde «Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady» atly lukman alymlaryň halkara maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow COVID-19 pandemiýasy döwründe ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy babatynda toplanylan tejribeleriň ulanylmagy bilen bagly bolan meseleleriň giňişleýin ara alyp maslahatlaşylmagy boýunça halkara maslahatyny geçirmek başlang...
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUS TOPARYNА BAŞLYKLYK EDIJILER IKITARAPLAÝYN ÖZARA HEREKETLERIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda duşuşyk geçirildi. Giňeldilen düzümde geçirilen duşuşyga şeýle-de Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatna...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BSGG-NIŇ ÝEWROPA SEBITLEÝIN EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň Direktory doktor Hans Klýuge bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň arasyndaky özaragatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdiler, şeýle hem halkara gün tertibiniň saglygy goraýyş ulgamyndaky wajyp meseleleri boýunça pik...