SOŇKY HABARLAR
Türkmen halkynyň Milli Lideri «Russiýa - Yslam dünýäsi:KazanForum - 2024» XV halkara ykdysady forumyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde «Russiýa - Yslam dünýäsi: KazanForum - 2024» XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. 2024-nji ýylda «KazanForuma» 80-den gowrak döwletiň, şol sanda YHG-na agza ýurtlaryň 40-synyň, Russiýanyň sebitleriniň 83-siniň wekilleri gatnaşýarlar. Ol «Ynanyşmak we hyzmatdaşlyk» şyg...
TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň mejlisi
2024-nji ýylyň 16-njy maýynda «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Mongoliýanyň, Wengriýanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň, ÝUNESKO-nyň Almaty şäherin...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara zähmet guramasynyň (HZG) wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Halkara zähmet guramasynyň (HZG) wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda HZG-nyň Baş direktorynyň kömekçisi, HZG-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin sebit edarasynyň sebit direktory Beata Andresiň şu ýylyň fewralynda amala aşyran saparynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meselelerine garaldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen HZG-nyň köp ýyl...
«Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki duşuşyga gatnaşdy. Duşuşyga şeýle hem Ýaponiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, Gazagystanda akkreditlenen Merkezi Aziýa ýurtlaryn...
Türkmenistanyň DIM-de Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Çäräniň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm gün tertibi hem-de Türkmenistanyň we ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşyldy. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda daşky gurşawy goramak, ýaşyl we sanly özgertmel...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşmagy
2024-nji ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki edara binasynda geçirilýän BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy. Agzalan mejlis «Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň Hereketler maksatnamasy we onuň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine goşýan goşandy» ady bilen geçirildi. Geçirilen çäre bilen bir hatarda, BMG-niň Baş Assamble...
Türkmenistanyň BSG-na agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň degişli ministrliklerinden we pudak edaralaryndan Hökümet toparynyň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň çäklerinde gatnaşyjylar Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň 2...