SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN BILEN GRENADANYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLAR ÝOLA GOÝULDY
2020-nji ýylyň 13-nji fewralynda Moskwa şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň edara binasynda Türkmenistan bilen Grenadanyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekmek dabarasy bolup geçdi. Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Niýazliýew bilen Grenadanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Oleg Fireri...
SANKT-PETERBURG ŞÄHERINIŇ GUBERNATORYNYŇ AŞGABADA SAPARY
2020-nji ýylyň 12-nji fewralynda Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory A.D.Beglowyň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasýasynyň wekilçilikli wekiliýeti Aşgabada geldi. 13-nji fewralda günüň birinji ýarymynda ýokary derejeli myhman Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bile...
MARYDA SEBITLEÝIN INFRASTRUKTURALARYŇ HOWPSUZLYGYNYŇ ÜPJÜN EDILMEGI BOÝUNÇA SEMINARY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 10-njy fewralynda Mary şäherinde Owganystan boýunça hyzmatdaşlygyň «Stambul prosessiniň» çäklerinde sebitleýin infrastrukturalaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça bilelikdäki türkmen-owgan seminary öz işine başlady. Bu çärä Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler, içeri işler, goranmak, energetika ministrlikleriniň wekilleri we nebitgaz pudagynyň hünärmenleri, şeýle-de «Stambul prosessine» gatnaşyjy ýurtlaryň ygtyýarly wekilleri gatnaşýarlar. Semin...
TÜRKMENISTANDA ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TÄZE ILÇISI AKKREDITIRLENDI
2020-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Diego Ruiz Alonso bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda, Ilçini jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy ähli ulgamlarda bilelikde hereket etmäge hem-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasyny goldamaga taýýardygyny beýan edildi. Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň özara hyzmatdaşly...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HAZAR DEŇZINDE YLMY-BARLAGLARY GEÇIRMEK HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ TASLAMASY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLÝAR
2020-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň DIM-de hazarýaka döwletleriniň bilermenleriniň «Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikinji duşuşygy öz işine başlady. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň wekilleri, şeýle-de Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagyst...
SÖWEŞ SUNGATLARYNYŇ BÜTINDÜNÝÄ OÝUNLARYNYŇ KOMITETI TÜRKMENISTAN BILEN HYZMATDAŞLYK ETMÄGE GYZYKLANMA BILDIRDI
2020-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-nde Söweş sungatlarynyň Bütindünýä oýunlarynyň Komitetiniň Baş sekretary Je Kyn Çoýuň baştutanlygyndaky Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekdäki sportuň ähmiýeti barada belläp geçdiler. 2016-njy ýylda esaslandyrylan Söweş sungatlarynyň Bütindünýä oýunlarynyň Komiteti sport çärelerini we festiwallary, ilkinji nobatda Söweş sungaty bo...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI DAŞKENTDE «С5+1» FORMATYNDAKY MINISTRLERIŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Daşkentde «С5+1» formatyndaky ministrleriň duşuşygyna gatnaşdy. Mejlise Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda birnäçe meselelere seredildi. Şol sanda, taraplar serheti d...