SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy
2023-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy. Bu ýerde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty (COP28) geçirilýär. Dubaýda COP28 howa maslahatyna gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikit...
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada başlangyjy tassyklady
2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda, Türkmenistanda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada başlangyjy tassyklady. Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, şu ýylyň 13-nji noýabrynda sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi b...
Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy
2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy resmi taýdan yglan etdi. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň Glazgoda geçirilen 26-njy maslahatynda bellenen Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjyň Türkmenistan tarapyndan goldanýandygy barad...
Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow COP28 maslahatynyň çäklerinde BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Inger Andersen bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we UNEP-iň däp bolan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklary tassykladylar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýa...
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP28) gatnaşýar
2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP28) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine (Dubaý ş.) ugrady. Ählumumy howa forumynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy göz öňünde tutulýar we onda maslahatyň gün tertibiniň meseleleri boýunça ýurdumyzyň garaýyşlary beýan ediler. Döwlet Baştut...
Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 13-nji herýylky duşuşygyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy
2023-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Gyrgyz Respublikasynyň hökümetiniň goldawy bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi tarapyndan gurnalan Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 13-nji herýylky duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Merkezi Aziýada parahatçylyga we howpsuzlyga täsir edýän wakalar we tendensi...
Türkmenistanyň Prezidentiniň ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşligi barada
2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda öňde Dubaýda geçiriljek howa meseleleri boýunça “COP-28” maslahatyna taýýarlyk görmek, hususan-da, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak babatda hyzmatdaşlygy hem-de bu ulgamdaky gatnaşyklary hukuk taýdan...