SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE SINGAPUR RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Singapuryň Menejment Ösüşi Institutynyň Prezidenti jenap Erik Kuan Çun Hokyň ýolbaşçylygyndaky Singapur Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň awgust aýynda Singapur Respublikasyna bolan döwlet saparynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda we giňeldilmeginde möhüm ädim bolandygyny kanagatlanma bilen belläp geçdiler....
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen Alabaýy” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, halk...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynda Daşary işler ministri R.Meredow bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady Geňeşiniň 83-nji mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary I.W.Petrişenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky netijeli ösüşini işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatla...
AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-AZERBAÝJAN HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň mejlisine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Orunbasary P.Agamyradow, azerbaýjan tarapyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Birinji Orunbasary Ýagub Eýubow ýolbaşçylyk etdiler. Mejlisiň başynda taraplar özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň we Aze...
AŞGABATDA «TÜRKMENISTANYŇ ENERGETIKA SENAGATYNYŇ ÖSÜŞINIŇ ESASY UGURLARY» ATLY HALKARA SERGISI WE YLMY MASLAHATY GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda ýurduň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Energetika ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Oňa köp sanly daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda Russiýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Italiýadan, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Eýrandan, Belarusdan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden...
AŞGABATDA GDA-NYŇ YKDYSADY GEŇEŞINIŇ MEJLISI
2019-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady Geňeşiniň 83-nji mejlisi geçirildi. Bu çärä gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýokary derejeli wekiliýetleri geldiler. Mälim bolşy ýaly, GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisine GDA gatnaşyjy-döwletleriň hökümet baştutanlarynyň orunbasar...
SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DÖWLET MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2019-njy ýylyň 10-11-nji sentýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Ministrler Kabinetiniň agzasy, Döwlet ministri Emir Turki bin Muhammed bin Fahad bin Abdulaziz Al Saudyň ýolbaşçylygyndaky Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolýar. Şu gün, 11-nji sentýabrda ýokary derejeli myhmanyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwe...