SOŇKY HABARLAR
DÖM ULGAMYNDA MEÝLETIN MILLI SYNYŇ TAÝÝARLANYLMAGY BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI
2019-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurtda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmegi ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň taýýarlanylmagy boýunça Pudagara toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Meýletin milli synyň taslamasynyň esasy aýratynlyklary, şol sanda dizaýny, grafikasy we statistiki maglumatlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise şeýle hem Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaral...
TÜRKMENISTAN 2019-NJY ÝYLDA GDA-DA BAŞTUTANLYK EDÝÄR
2019-njy ýylda Türkmenistan şol bir wagtda Döwlet Baştutanlarynyň geňeşinde, Hökümet Baştutanlarynyň geňeşinde, Daşary işler ministrleriniň geňeşinde, Ykdysady geňeşinde, Arkalaşygyň agza döwletleriniň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşinde, Arkalaşygyň düzgünnamalaýyn we beýleki edaralarynda, şeýle hem GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleleri boýunça Komissiýasynda başlyklyk eder. Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boý...
AŞGABATDA MHM-NIŇ «MIGRASIÝA BOÝUNÇA AZIÝANYŇ SEBITLEÝIN MASKATNAMASY» TASLAMASYNYŇ ÇÄKLERINDE OKUW MASLAHATY BAŞLADY
2019-njy ýylyň 23-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň «Аrçabil» myhmanhanasynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň «Migrasiýa boýunça Aziýanyň sebitleýin maskatnamasy» taslamasynyň çäklerinde «Çökgünlik şertlerinde daşary ýurtlarda raýatlaryňy goramak» temasy boýunça okuw maslahaty öz işine başlady. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Owganystanyň migrasiýa gulluklarynyň, daşary işler, içeri işler we goranmak ministrlikleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleri gatnaşýarlar. Maslaha...
TÜRKMENISTANDA OMAN SOLTANLYGYNYŇ TÄZE ILÇISI AKKREDITIRLENDI
2019-njy ýylyň 23-nji aprelinde Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kasim Mohamad Salim Al-Salhini (oturýan ýeri Ankara ş.) Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Parlamentiň Başlygy Oman Soltanlygynyň ygtyýarlandyrylan wekilini ýokary diplomatik wezipesine bellenmegi bilen gutlady, Türkmenistanyň we Omanyň arasynda dostlugy pugtalandyrmak we hyzmatdaşlygyň işjeň...
TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNA IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Saud Arabystany Patyşalygyna iş sapary bilen gitdi. Türkmen wekiliýetiniň Saud Arabystany Patyşalygynyň Energetika, senagat we mineral serişdeler ministri Halid bin Abdulaziz Al-Faleh bilen duşuşygy boldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasy ugurlarynyň biri ol hem energetika diplomatiýasydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kasumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ugurlary boýunça ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Taraplar şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň önjeýli işini ara aly...
TÜRKMENISTANDA SAUD ARABYSTANYNYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 18-nji aprelinde Aşgabatda Saud Arabystanynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi, ol Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Saud Arabystanynyň Media ministrligi tarapyndan gurnaldy. Açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, döredijilik intelligensiýasynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mek...