SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan bilen Lýuksemburgyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Lýuksemburgyň Wise-premýeri, Daşary işler we daşary söwda ministri Ksawýe Betteliň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar syýasy we söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, halkara we sebit gün-tertibiniň meselelerine seredildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny berkitmegiň wajyplygy nygtaldy. Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-...
Türkmenistanyň we Belgiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy barada
2024-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belgiýanyň Daşary işler ministri Hadja Lahbibiň arasynda duşuşyk geçirildi. Ministrler syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny mundan beýläkde ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Şunuň bilen birlikde, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşl...
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekdiler
2024-nji ýylyň 18-nji martynda Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekildi. Gol çekmek dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belgiýanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky hemişelik wekili Willem wan de Wordyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Ýewropanyň daşary aragatnaşyklar gullugynyň Gündogar Ýewropa, Russiýa, Merkezi Aziýa we ÝHHG ýurtlary b...
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşigi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler
2024-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Brýussel şäherine iş saparynyň çäklerinde Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Hususan-da, Ýewropa Geňeşiniň başlygynyň daşary syýasat boýunça esasy geňeşçisi Saýmon Mordýu bilen gepleşikler geçirildi. Taraplar ýaşyl energetika, ulag, tehnologik arabaglanyşyk we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy gurallarynyň, şeýle...
Ženewadaky halkara meýdançalarynda Türkmenistanyň daşary syýasat başlangyçlary beýan edildi
2024-nji ýylyň 13-14-nji martynda Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde saparda boldy. Saparyň çäginde 13-nji martda Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy tarapyndan çagyrylan Durnukly ösüş boýunça sebit forumynyň ýokary derejeli çäresine gatnaşdy. Çäräniň dowamynda çykyş eden türkmen wekiliýetiniň başlygy, 2030-njy ýyl üçin halkara gün...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidentini kabul etdi
2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumany kabul etdi. Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti milli maliýe we bank ulgamyny we dürli pudaklarda giňişleýin meýilnamalary gowulandyrmak maksady bilen ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatlaýyn çäreleriň ykdysady durnuklylygyny üpjün etmegiň we ösüşiň ýokary depginlerini saklamaga mümkinçilik berýändigini belledi. Hormatly Prezi...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşiklerde Türkmenistanyň maýa goýum özüne çekijiligini gowulandyrmak maksady bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, halkara hyzmatdaşlygy we ÝTÖB bilen bilelikde öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly täze taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselesi ara alnyp masl...