SOŇKY HABARLAR
YSRAÝYL DÖWLETINDE TÜRKMEN-YSRAÝYL SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji martynda Ysraýylda Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Ysraýyl tarapyndan geňeşmelere Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň baş direktorynyň orunbasary Aleksandr Ben Swi ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-ysraýyl gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirdiler we syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugta...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝAPONIÝA SAPARY
2019-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary başlandy. 2019-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekiller palatasynyň başlygy jenap Tadomori Oşima bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda taraplar özarabähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ençeme möhüm ugurlaryny ara...
TÜRKMENISTANDA HALKARA NOWRUZ GÜNI BELLENILIP GEÇILDI
Türkmenistan Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramçylyk mynasybetli dabaralar, däp bolşy ýaly, Nowruz ýaýlasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ägirt uly «Türkmeniň ak öýi» guruldy. Ýaýlada, Ahalyň dag etegindäki jülgesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzy giň möçberli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. Çärä çagyrylan myhmanlaryň hatarynda Tür...
ŽENEWADA DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA SEBITLEÝIN FORUM GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 21-22-nji martynda Ženewanyň halkara maslahatlar merkezinde Durnukly ösüş boýunça Sebitleýin forum öz işine başlady, oňa ÝYK sebitiniň ýurtlaryndan ýokary derejedäki wekiliýetler gatnaşdylar. Türkmenistandan foruma Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Albaniýanyň Saglygy goraýyş we sosial goragy ministri hanym O.Manastirlýunyň başlyklyk etmeginde geçirilen açylyş dabarasyna BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary ha...
BAHREÝNIŇ PATYŞASYNYŇ TÜRKMENISTANA SAPARY TAMAMLANDY
2019-njy ýylyň 19-njy martynda Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifanyň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy. Özüniň döwlet saparynyň üçünji gününde Belent mertebeli myhman Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördi we muzeýiň gymmatlyklary bilen tanyş boldy. Onuň Alyjenaby Patyşa dünýä ýüzünde şöhrat gazanan nepis türkmen halylaryny aýratyn synlap, olaryň dokalyş aýratynlygyna haýran galdy. Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifa Hormatly myhmanlaryň...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY PEKINDE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASYNY GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň HHR-ki Ilçihanasy Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiniň rektorlygy bilen birlikde tanyşdyryş dabarasyny we baýramçylyk konsertini geçirdi, şeýle hem birinji Hazar Ykdysady forumy, Türkmenistanyň GDA-da, AHHG-da başlyklyk etmegi we Halkara Nowruz güni mynasybetli kabul edişlik hem-de hödür-kerem dabarasyny geçirdi. Tanyşdyryş dabarasynyň açylyşynda Türkmenistanyň HHR-ki Ilçisi çykyş etdi, ol öz çykyşynda halkara işlerine i...
BAHREÝNIŇ PATYŞASYNYŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY
2019-njy ýylyň 17-nji martynda Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifanyň Türkmenistana döwlet sapary başlandy. Şol gün agşam belent mertebeli myhmanyň rezidensiýasynda onuň Bahreýniň işewürleri bilen duşuşugy geçirildi. 2019-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifanyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Resmi garşylamak hem-de Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşa...