SOŇKY HABARLAR
«AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANAN MASLAHAT
2018-nji ýylyň 31-nji awgustynda Aşgabatda, Olimpiýa şäherjiginiň «Sport» myhmanhanasynda «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisine bagyşlanan maslahat geçirildi. Bu çärä ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň agzalary, ministrlikleriň we edaralaryň işgärleri, «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça jogäpkär wekiller, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar...
BERLINDE «MARGIANA – TÜRKMENISTANYŇ ÇÄKLERINDÄKI BÜRÜNÇ ASYRYNYŇ ŞALYGY» ATLY ÇÄRESI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 31-nji awgustynda Berlin şäherinde Türkmenistanyň GFR-däki Ilçihanasy Berliniň Taryhy döwürden öňki we irki taryhy muzeýi bilen bilelikde 2018-nji ýylyň “Türkmenistan–Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip yglan edilmeginiň çäginde «Margiana – Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly çäresi geçirildi. Çärä GFR-iň Federal Kansleriniň diwanynyň, Federal Daşary işler ministrliginiň, Federal ykdysady we energetika ministrliginiň wekilleri, GFR-de akkreditirlenen diplomat...
AŞGABATDA TÜRKMEN-EMIRAT SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Myhmanlaryň wekiliýetine Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary Ahmed Al Jerman ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygy geljekde giňeltmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalary aýdyp, wekiliýetleriň ýolbaşçylary häzir...
ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZI KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MASLAHAT GEÇIRÝÄR
2018-nji ýylyň 28-nji awgustynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de söz azatlygyny ilerletmek babatda hyzmatdaşlyk” atly taslamanyň çäklerinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan iki günlük maslahat öz işine başlady. Okuw maslahatyna dürli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň – teleradioýaýlymlaryň, gazet-žurnallaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, şeýle hem degişli ministrlikl...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE “AMUL-HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANYP BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda “Amul–Hazar 2018” halkara awtorallisiniň geçirilmegine bagyşlanyp brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň işgärleri, şeýle hem ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingde gatnaşyjylaryň öňünde Türkmenistanyň Içeri işler, Sport we ýaşlar syýas...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI NURSULTAN NAZARBAÝEW BILEN DUŞUŞDY
2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwlet Baştutanlarynyň Sammitiniň gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky ozal gazanylan ylalaşyklary, şeýle hem häzirki döwrüň syýasy, ykdysady, ekologiýa, energetika, ulag we beýleki möhüm ugurlarda...
ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNY ESASLANDYRYJY DÖWLETLERIŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ SAMMITI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammiti geçirildi. Sammitiň işine AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Prezidentleri, ýagny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Täjigista...