SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA TÄZE DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY DÖREDILDI
2018-nji ýylyň 23-nji iýulynda Aşgabatda geçirilen maslahatyň esasy meselesi milli Liderimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň öňünde durýan möhüm wezipeler boldy. Täze institut Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyny birleşdirmegiň esasynda döredildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda ýurd...
NÝU-ÝORKDA TOPH GAZ GEÇIRIJISINIŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda BMG-niň ÖM-nyň Nýu-Ýorkdaky edara binasynda Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy tarapyndan, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň Hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi: hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we häzirki zaman energiýasynyň elýeterliligni üpjün etmekde täze energetika Beýik Ýüpek ýoly» atly tanyşdyryş dabarasy gurnaldy. Çärä gatnaşyjylar üçin TOPH taslamasy boýunça surat sergisi gur...
BMG-NIŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA GEÇÝÄN ÝOKARY DEREJELI ÇÄRELERE GATNAŞMAK MAKSADY BILEN TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ NÝU-ÝORKA SAPARY DOWAM EDÝÄR
2018-nji ýylyň 19-njy iýulynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nýu-Ýorka dowam edýän saparynyň çäklerinde BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşygy geçirildi. A.Guterriş Türkmenistanyň BMG bilen dürli ugurlar boýunça ysnyşykly we işjeň hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi. Ol Türkmenistanyň howpsuzlyk meselelerinde, bosgunlar, migrasiýa, Öňüni alyş diplomatiýa boýunça Merkezi Aziýa üçin sebi...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI ÇARELERE GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň durnukly ösüş boýunça Ýokary derejeli syýasy forumynyň ministrler ýygnagynyň umumy maslahatlaşmasynda çykyş etdi. Ol öz çykyşynda DÖM-niň netijeli integrasiýasyny we ýerli aýratynlyklary we maksatlary nazara almak bilen Türkmenistanyň ösüşiniň milli strategiýasyna bagly maksatlaryny belledi. Şeýle hem ol BMG-niň ÖM, ÝB we BMG-niň ýanyndaky Slowakiýanyň Hemişelik Wekil...
TÜRKMENISTAN WE BMG GELJEKDE HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARLAR
2018-nji ýylyň 17-nji iýulynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky edara binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş Sekretarynyň ykdysady we sosial meseleleri boýunça orunbasary Lýu Ženmin bilen duşuşdy. BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji Ählumumy maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi üçin minnetdarlygyny bildirdi we bu ugurda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etmek meýilini be...
«AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLISI DÜNÝÄ BILELEŞIGINIŇ ÜNSÜNI ÖZÜNE ÇEKÝÄR
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisini ýokary guramaçylykly derejede geçirmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, rallini mahabatlandyrmak we wasp etmek boýunça Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda degişli çäreler yzygiderli alnyp barylýar. 2018-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynda, 5-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda, 9-njy iýulda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublik...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TATARYSTAN RESPUBLIKASYNDA IŞ SAPARYNDA BOLDY
2018-nji ýylyň 6-njy iýulynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Üç sagatdan soň Prezidentiň uçary Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Tatarystanyň döwlet baýdaklary bilen bezelen Kazanyň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde türkmen Liderini Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow mähirli garşylady. Bu sapar Tatarystanyň...