SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda türkmen-palestin syýasy geňeşmeleri geçirildi
2018-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Palestinanyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirildi. Palestin wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Mazen Şamiýa ýolbaşçylyk etdi. Taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, olary geljekde ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bilen, taraplar ikitaraplaýyn şertnama-hukuk esasyndan g...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NYŇ GENDER DEŇLIGINE BAGYŞLANAN MEJLISINE GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 8-nji maýynda Wena şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ynsanperwer meseleleri boýunça komitetiniň “Gender deňligi” temasyna bagyşlanan mejlisi bolup geçdi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Adalatçysy Ý.Gurbannazarowa gatnaşdy we Türkmenistanda gender ýagdaýy barada çykyş etdi. Ý.Gurbannazarowa öz çykyşynda Türkmenistanyň gender syýasaty, aýal-gyzlaryň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, sosial we medeni durmuşynda deň hukukly gatnaşýandygy barada belledi. H...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI KÖPUGURLY DÖWÜRLEÝIN SYN BOÝUNÇA IŞ TOPARYNYŇ 30-NJY MEJLISINE GATNAŞDY
2018-nji ýylyň maý aýynda Şweýsariýanyň paýtagty Ženewa şäherinde geçýän Köpugurly Döwürleýin Syn boýunça Iş toparynyň 30-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň 3-nji synyna gatnaşdy. Ýokarda agzalan çäräniň dowamynda türkmen tarapy adam hukuklary ugrunda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça Türkmenistanyň syýasatynyň esasy ugurlary barada...
Türkmenistan we Indoneziýa geljekde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) j-p Oktawino Alimudin bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde tagallalary birleşdirmeklige meýillerini beýan etdiler we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri babatda pikirleri alyşdylar. Halka...
AWAZADA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ AGZA ÝURTLARYNYŇ ULAG WE ARAGATNAŞYK MINISTRLERINIŇ IX MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 3-nji maýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň ulag we aragatnaşyk ministrleriniň IX mejlisi boldy. “Deňiz” myhmanhanasynyň maslahatlar merkezinde geçen duşuşyga Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, BMG-niň Aziýa hem-de Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş toparynyň (UNESCAP), Halkara awtomobil ulaglar birleşiginiň (IRU) we başga-da birnäçe halkara düzümleriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine sebit we sebi...
TÜRKMENBAŞY ŞÄHERINDE TÄZE HALKARA DEŇIZ PORTY AÇYLDY
2018-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenbaşy şäherinde dabaraly ýagdaýda täze Halkara deňiz porty açyldy. Portuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan gurnalan dabaraly çärä halkara guramalarynyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet edaralarynyň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de daşary ýurt we milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar....
Täze Türkmenbaşy deňiz porty abraýly sylaglara mynasyp boldy
“Awaza” Kongressler merkezinde geçirilen Halkara ulag maslahatynyň dowamynda dürli guramalaryň bilermenleri tarapyndan Türkmenbaşy täze deňiz portuna mynasyp sylaglaryny gowşurmak dabarasy bolup geçdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny gurmak başlangyjyny öňe sürenligi üçin aýratyn sylaglara mynasyp boldy. Bu sylaglaryň üsti bilen “Ýüpek ýoly” Halkara söwda edarasy we Aziýa-Ýuwaş Umman sebiti ýurtlarynyň söwda-senagat edaralarynyň konfederas...