RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Mar

MASYH MAKSATNAMASYNYŇ ENERGETIKA UGRY BOÝUNÇA UTGAŞDYRYJY KOMITETINIŇ NOBATDAKY MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2018-nji ýylyň 13-nji martynda Aşgabatda Aziýanyň ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (MASYH)” maksatnamasynyň energetika ugry boýunça utgaşdyryjy komitetiniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady.  Maslahata Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Ýaponiýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikas...

DOWAMY
pic
13 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RESMI SAPAR BILEN KUWEÝT DÖWLETINE GELDI

2018-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine resmi sapary başlandy. Prezidentimiziň uçary belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen, El-Kuweýt şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýanynda hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülip dur. Oglan we gyz Türkmenistanyň Prezidentine gül desselerini gowşurýarlar. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşylaýarlar.  Türkmenistanyň Prezidentini...

DOWAMY
pic
9 Mar

Halkara pul gaznasynyň (HPG) wekilleriniň Türkmenistana saparynyň netijeleri jemlenildi

Jenap Martin Sommeriň ýolbaşçylygyndaky Halkara pul gaznasynyň (HPG) wekiliýeti 2018-nji ýylyň 19-njy fewralyndan 6-njy marty aralygynda döwlet edaralarynyň jogapkär işgärleri, ykdysadyýetiň hakyky böleginiň we maliýe pudaklarynyň wekilleri hem-de diplomatik jemgyýetçiligi bilen makroykdysady we maliýe ulgamyndaky ösüşlere baha bermek, ykdysady üýtgeşmeleri hem-de ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Aşgabatda iş saparynda boldy.  HPG-niň wekiliý...

DOWAMY
pic
5 Mar

TÜRKMENISTANDA “HAZAR DEŇZI-DURNUKLY ÖSÜŞ WE DOLANDYRYŞ” ATLY HALKARA OKUW MASLAHATY GEÇÝÄR

2018 nji ýylyň 5-nji martynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi-durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Ol Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara umman instituty (HUI) bilen bilelikde guraldy.  Maslahata Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem halkara bi...

DOWAMY
pic
2 Mar

ÝAPONIÝADA «TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI» ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Yaponiýadaky Ilçihanasynda Ýaponiýanyň jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda 2018-nji ýyl «Türkmenistan - Beýik Yüpek ýolunyň ýüregi» diýilip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyzy wagyz etmek maksady bilen «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly maslahat geçirildi. Maslahatyň d...

DOWAMY
pic
1 Mar

AŞGABATDA EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ÖNÜMLERINIŇ ÝÖRITELEŞDIRILEN SERGISI AÇYLDY

2018-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň bi­na­syn­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň XIV ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si açyl­dy. Şu ge­zek­ki fo­ru­ma gat­naş­mak üçin Aş­ga­ba­da EYR-nyň se­na­gat, mag­dan­lar we söw­da mi­nist­ri Mo­ham­mad Şa­riat­ma­da­ri­niň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýol­baş­çy­lar­dan we 60-dan gow­rak kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­rin­den yba­rat we­kil­çi­lik­li to­par gel­di.  Ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na Hö­kü­met ag­za­la­ry...

DOWAMY
pic
1 Mar

ŞWEÝSARIÝADA TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ HALKARA UNIWERSITET SPORTY FEDERASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇY DÜZÜMI BILEN DUŞUŞYGY BOLDY

2018-nji ýylyň 28-nji fewraly-1-nji marty aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Şwesariýanyň Lozanna şäherine sapary boldy, onuň barşynda Halkara uniwersitet sporty federasiýasynyň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşyklar geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mýatiýew, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Baş sekretary A.Myradow we BMG-niň Ženewa şäherindäki Edarasynyň ýanyn...

DOWAMY