RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
29 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASY BILEN YLALAŞYGA GOL ÇEKIŞLIK DABARASY BOLDY

2018-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda Birleşen Milletler Guramasyna jaý bermek hakyndaky Ylalaşyga» gol çekişlik dabarasy boldy. Gol çekişlik dabarasyna BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgärleri we ýolbaşçylary hem-de Daşary işler ministrliginiň işgärleri gatnaşdylar.    Türkmen tarapy halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy gi...

DOWAMY
pic
26 Ýan

DUŞENBEDE “MERKEZI AZIÝA + ÝAPONIÝA” DIALOGYŇ ÝOKARY WEZIPELI ŞAHSLARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ýokary wezipeli şahslaryň nobatdaky 12-nji mejlisine gatnaşdy. Onuň işine Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary hem-de bu dowletleriň Täjigistanda akkreditirlenen ilçileri gatnaşdylar. Ýapon tarapyna Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Me...

DOWAMY
pic
25 Ýan

DÖWLET GULLUGY AKADEMIÝASYNDA BMG-NIŇ ÖM BILEN BILELIKDÄKI TASLAMASYNY DOLANDYRMAK BOÝUNÇA GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Akademiýanyň we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasyny dolandyrmak boýunça Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşykda 2017-nji ýylda taslamany durmuşa geçirmegiň jemlerine seredildi, şeýle hem 2018-nji ýylda BMG-niň ÖM bilen hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy ugurlary bellenildi. Belli bolşy ýaly 2017-2019-njy ýyllara niýetlenen taslama Döwlet gullugy akademiýasynyň ösüşiniň meýilnamalaryny...

DOWAMY
pic
23 Ýan

LONDONDA TÜRKMEN-BRITAN IŞEWUR GATNAŞYKLARYNYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2018-nji ýylyň 21-23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti nobatdaky ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirmek we Türkmen-Britan söwda senagat geňeşiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin Londonda iş saparynda boldy. 21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary  bilen Beýik Britaniýanyň Daşary işler we arkalaşyk işleri boýuça ministrliginiň Ýewropa, Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlarynyň işleri b...

DOWAMY
pic
23 Ýan

TDIM-NDE HALKARA TALYP SPORTY FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Halkara talyp sporty federasiýasynyň Prezidenti Oleg Matysiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar talyp sporty ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmegiň meselelerine garadylar, şeýle hem Halkara talyp sporty federasiýasynyň we Türkmenistanyň sport edaralary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýyklygy barada aýdyp, Türkmenistanyň Daşa...

DOWAMY
pic
19 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PARLAMENT WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri R.Meredowyň Koreýa-Türkmenistan parlament dostluk toparynyň Prezidenti Park De Çulyň ýolbaşçylygyndaky Koreýa Respublikasynyň parlamentiniň wekiliýeti bilen duşuşygy boldy.          Duşuşygyň başynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ýokary görkezijilerini belläp, taraplar parlamentara gatnaşyklaryny we geljekde iki ýurduň parlamentleriniň arasynda özaragatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarlylygyny bellediler. Mundan başga-da...

DOWAMY
pic
17 Ýan

PALESTINA DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Palestina Döwletiniň Daşary işler ministriniň orunbasary Mazen Şamiýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, olary geljekde ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Öňdebaryjy ugurlaryň hatarynda Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik özaragatnaşyklary bellenildi. Gepleşikleri...

DOWAMY