RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Dek

Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy

2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy resmi taýdan yglan etdi. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň Glazgoda geçirilen 26-njy maslahatynda bellenen Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjyň Türkmenistan tarapyndan goldanýandygy barad...

DOWAMY
pic
1 Dek

Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy

2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň  Prezidenti Serdar Berdimuhamedow COP28 maslahatynyň çäklerinde BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Inger Andersen bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we UNEP-iň däp bolan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklary tassykladylar. Türkmenistanyň  Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýa...

DOWAMY
pic
1 Dek

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP28) gatnaşýar

2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP28) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine (Dubaý ş.) ugrady.  Ählumumy howa forumynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy göz öňünde tutulýar we onda maslahatyň gün tertibiniň meseleleri boýunça ýurdumyzyň garaýyşlary beýan ediler. Döwlet Baştut...

DOWAMY
pic
28 Noý

Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 13-nji herýylky duşuşygyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy

2023-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Gyrgyz Respublikasynyň hökümetiniň goldawy bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi tarapyndan gurnalan Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 13-nji herýylky duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Merkezi Aziýada parahatçylyga we howpsuzlyga täsir edýän wakalar we tendensi...

DOWAMY
pic
28 Noý

Türkmenistanyň Prezidentiniň ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşligi barada

2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.  Söhbetdeşligiň barşynda öňde Dubaýda geçiriljek howa meseleleri boýunça “COP-28” maslahatyna taýýarlyk görmek, hususan-da, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak babatda hyzmatdaşlygy hem-de bu ulgamdaky gatnaşyklary hukuk taýdan...

DOWAMY
pic
25 Noý

Aşgabatda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna bagyşlanan metbugat forumy geçirildi

25-nji noýabrda Sport myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Kuraş boýunça dünýä çempionaty - dünýä KHBS-de” atly halkara media-forum geçirildi.  Forumyň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, milli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary, şeýle hem Halkara Kuraş birleşiginiň ýolbaşçylar düzümi gatnaşdy. Forumyň çäklerinde häzirki guramaçylyk meseleleri beýan edildi.  Gatnaşyjylaryň esasy ünsi çempionaty maglumat bilen üpjün etmek meselesi...

DOWAMY
pic
24 Noý

Türkmenistanyň wekiliýeti SPEKA-nyň Sammitine gatnaşdy

2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Bakuda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) gatnaşyjy döwletleriň we hökümetleriniň Baştutanlarynyň ilkinji Sammiti geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Ýörite maksatnama döredileninden bäri 25 ýyllyk taryhynyň dowamynda SPEKA-nyň çäklerinde gatnaşyjy ý...

DOWAMY