SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP28) gatnaşýar
2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP28) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine (Dubaý ş.) ugrady. Ählumumy howa forumynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy göz öňünde tutulýar we onda maslahatyň gün tertibiniň meseleleri boýunça ýurdumyzyň garaýyşlary beýan ediler. Döwlet Baştut...
Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 13-nji herýylky duşuşygyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy
2023-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Gyrgyz Respublikasynyň hökümetiniň goldawy bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi tarapyndan gurnalan Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 13-nji herýylky duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Merkezi Aziýada parahatçylyga we howpsuzlyga täsir edýän wakalar we tendensi...
Türkmenistanyň Prezidentiniň ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşligi barada
2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda öňde Dubaýda geçiriljek howa meseleleri boýunça “COP-28” maslahatyna taýýarlyk görmek, hususan-da, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak babatda hyzmatdaşlygy hem-de bu ulgamdaky gatnaşyklary hukuk taýdan...
Aşgabatda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna bagyşlanan metbugat forumy geçirildi
25-nji noýabrda Sport myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Kuraş boýunça dünýä çempionaty - dünýä KHBS-de” atly halkara media-forum geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, milli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary, şeýle hem Halkara Kuraş birleşiginiň ýolbaşçylar düzümi gatnaşdy. Forumyň çäklerinde häzirki guramaçylyk meseleleri beýan edildi. Gatnaşyjylaryň esasy ünsi çempionaty maglumat bilen üpjün etmek meselesi...
Türkmenistanyň wekiliýeti SPEKA-nyň Sammitine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Bakuda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) gatnaşyjy döwletleriň we hökümetleriniň Baştutanlarynyň ilkinji Sammiti geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Ýörite maksatnama döredileninden bäri 25 ýyllyk taryhynyň dowamynda SPEKA-nyň çäklerinde gatnaşyjy ý...
Magtymgulynyň 300 ýyllygynyň bellenmegi ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizildi
2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESСO) Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edilen kararnama laýyklykda, Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda UNESСO bilen bilelikde bellenilip geçiriljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bu waka dünýä edebiýatynda we halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan türkmen nusgawy...
Türkmenistan Ýewropa-Kawkaz-Aziýa Halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşuldy
2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistan 1998-nji ýylyň sentýabrynda Baku şäherinde kabul edilen Ýewropa-Kawkaz-Aziýa Halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşuldy. Resminamanyň maksady Ýewropa sebitinde, Gara deňizde, Kawkazda, Hazar deňzinde we Aziýada ykdysady gatnaşyklary, söwda we ulag aragatnaşygyny ösdürmekden, şeýle hem harytlaryň halkara gatnawyny öňe sürmek we ýeňilleşdirmek, hereketleriň howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag syýasatyny sazlaşdyrmak...