RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Okt

Albukerkede Türkmenistanyň medeniýet günleri başlady

2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda ABŞ-nyň Albukerke doganlyk şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy. Bu dabaraly çäre türkmeniň görnükli akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300-ýyllygyna bagyşlanandyr. Wekilçilikli medeni foruma Türkmenistanyň bilim, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşýarlar. Şol gün Nýu-Meksiko uniwersitetinde Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy we Nýu-Meksiko uniwersiteti tarapyndan Albukerke şäher häkimliginiň goldawy bilen gurnalan Magtymguly Pyr...

DOWAMY
pic
11 Okt

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini ugratdy

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan we ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini dowam etmek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Owganystana ynsanperwer ýüki ugradyldy. Derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk ön...

DOWAMY
pic
11 Okt

Türkmenistanyň Mejlisinde Kanadanyň täze Ilçisi kabul edildi

2023-nji ýylyň 10-njy oktaýbrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Alan Hemsondan ynanç hatyny kabul etdi. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Kanadanyň ýokary derejeli ýolbaşç...

DOWAMY
pic
4 Okt

Bütindünýä Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit ýolbaşçysy bilen duşuşyk

2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew bilen Bütindünýä Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit ýolbaşçysy Tatýana Proskurýakowanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň çäklerinde hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň möhüm meseleleri, şeýle hem Türkmenistan bilen Bütindünýä Banky Toparynyň arasyndaky geljekki hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

DOWAMY
pic
2 Okt

Arkadag şäherinde Halkara ýaşlar forumy geçirildi

2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmenistanyň Hökümetiniň guramagynda hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişellik utgaşdyryjysynyň edarasynyň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işjeň gatnaşmagynda “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly Halkara ýaşlar forumy geçirildi. Gibrid görnüşinde geçirilen bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlaryndan hem-de BMG-niň Baş Assamble...

DOWAMY
pic
30 Sen

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary tamamlandy

2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary tamamlandy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň formatynyň çäklerinde birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň...

DOWAMY
pic
28 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «CIFAL» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Cifal» kompaniýasynyň prezidenti Žil Remini kabul etdi. Işewür döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady we türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw etdi. Fransiýanyň we tutuş Ýewropanyň işewür toparlary okgunly ösýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygy, munuň üçin ýurdumyzda oňyn ykdysady hyzmatdaşlyk üçin amatly şertler döredilendigi be...

DOWAMY