SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentine Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrar...
ILAT ÝAGDAÝY WE ÖSÜŞI BOÝUNÇA HALKARA KONFERENSIÝASYNYŇ HEREKETLER MAKSATNAMASYNY AMALA AŞYRMAKDA ÖŇE GIDIŞLIGI BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenabat şäherinde 1994-nji ýylyň Ilat ýagdaýy we ösüşi boýunça halkara konferensiýasynyň (IÝÖHK) Hereketler maksatnamasyny amala aşyrmakda öňe gidişlik barada pikir alyşmak boýunça maslahat geçirildi. Hereketler meýilnamasynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Lebat welaýatynyň häkimliginiň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we BMG-niň Ilat gaznasynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we weki...
RUMYNIÝADA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY
2023-nji ýylyň 22-26-njy maýynda Buharest we Konstansa şäherlerinde geçiriljek Türkmenistanyň medeniýet günlerine gatnaşmak üçin Rumyniýa Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň wekillerinden, sungat işgärlerinden, alym-professorlardan, şeýle-de habarçylardan düzülen topar geldi. 22-nji maýda Buharestde Türkmenistanyň Rumyniýadaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara Rumyniýanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, ylym we sungat işgärleri, bu ýurtda akkreditirlenen diplomatik eda...
TÜRKMENISTANDA KIPR RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
2023-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kipros Ýorgallisden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanynyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtala...
TÜRKMEN-BRITAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 22-nji maýynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew Beýik Britaniýanyň Türkmenistanda bellenen ilçisi Stiwen Konlon bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda britan diplomaty öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. W.Hajiýew Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de türkmen tarapynyň öňa diplomatik işinde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi. Taraplar syýasy-diplomatik, söw...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE GRUZIÝA BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 22-nji maýynda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Byaşimowa iş sapary bilen Aşgabada gelen Gruziýanyň Parlamentiniň Türkmenistanyň Mejlisi bilen Dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwili bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda duşuşyklary guramak tejribe...
TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BILEN UNESCAP-YŇ KARARNAMASY KABUL EDILDI
Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Bangkokda (Tailand) geçirilen 79-njy sessiýasynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň başlangyjy esasynda bu Komissiýanyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň howdany boýunça Ýörite Maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasy biragyzdan kabul edildi. Türkmenistan bilen bilelikde bu halkara ähmiýetli kararnamanyň döredijileri hökmünde Azerbaýjan, Ermenistan...