RSS

SOŇKY HABARLAR

16 Few

TÜRKMENISTANDA ÝUNESKO-NYŇ KAFEDRALARYNY DÖRETMEK BARADAKY ŞERTNAMALARA GOL ÇEKIŞLIK DABARASY

2023-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň käbir ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedralaryny döretmek baradaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişmegiň resmi dabarasy geçirildi. Bu çärä Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Magtymguly adyndaky TDU-nyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň rektorlary, ÝUNESKO-nyň we ÝUNESKO-nyň işi boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň ýolbaşçy wekiller...

DOWAMY
16 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “GAZPROM” AÇYK GÖRNÜŞLI PAÝDARLAR JEMGYÝETINIŇ MÜDIRIÝETINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi.  Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Russiýa Federasiýasynyň iri energetika kompaniýasynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildir...

DOWAMY
14 Few

TÜRKMENISTAN WE EÝRAN MEDENI-YNSANPERWER GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMÄGE YGRARLYDYRLAR

2023-nji ýylyň 14-nji fewralynda Daşary işler Ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet we yslam ugrukdyryş ministri Mohammad Mahdi Esmaýil bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýun aýynda Eýrana amala aşyran resmi saparynyň ähmiýeti bellenilip geçildi. Ol saparyň barşynda ylym-bilim gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek hem-de medeniýet we sungat ulgamynda özara gatnaşyklaryna itergi berýän birnäçe resminamalara gol ç...

DOWAMY
13 Few

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERINIŇ, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE RESMI SAPARY

11-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady. Birnäçe sagatdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary BAE-niň paýtagty Abu-Dabi şäheriniň Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde gondy. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdi...

DOWAMY
10 Few

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BIRINJI PARLAMENTARA FORUMYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 9-10-njy fewralynda Gazagystan Respublikasynyň Türkestan şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň birinji Parlamentara forumy geçirildi. Bu forumyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Orunbasary Gurbanmyrat Aşyrowyň ýolbaşçylyk etmeginde türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Forumyň işini Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew açdy. Soňra bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentleriniň beýleki ýolbaşçylary çykyş etdiler. Forumyň barşynda de...

DOWAMY
9 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen guramalary bilen gatnaşyklarynyň netijeliligini nygtadylar, häzirki we geljekki taslamalary gözden geçirdiler hem-de hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada söhbet etdiler. Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň ýurduň daşary syýasatynyň s...

DOWAMY
9 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ABŞ-NIŇ ILÇISI M.KLIMOU BILEN DUŞUŞYK BARADA

2023-nji ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Klimou bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň syýasy, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky ýagdaýy we ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň halkara giňişligindäki işjeň hereketine, dünýä derejesinde parahatçylyk medeniýetini öňe sürmek ugrunda Türkmenistany...

DOWAMY