RSS

SOŇKY HABARLAR

6 Few

AŞGABATDA KONSULLYK, SERHET WE GÜMRÜK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-EÝRAN TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň 15-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.  Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary Wepa Hajiýew, Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetine bolsa, Daşary işler ministriniň konsullyk mejlis we eýranlylaryň...

DOWAMY
4 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 3-nji fewralynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Pudagara toparyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýl...

DOWAMY
3 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ASTANA HALKARA MALIÝE MERKEZINIŇ ÝAŞYL MALIÝE MERKEZINIŇ BAŞ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W. Hajyýew iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Astana Halkara Maliýe Merkeziniň (AIFC) Ýaşyl maliýe merkeziniň baş direktory Aýdar Kazybaýew bilen duşuşyk geçirdi. AIFC wekiliýetiniň Aşgabat şäherine sapary Gazagystanyň başlangyjy bilen gurnaldy. Merkeziň ileri tutýan maksady, deňagramly maýa bazaryny ösdürmek we häkimliklere we beýleki döwlet edaralaryna...

DOWAMY
3 Few

AŞGABATDA TÜRKMENISTAN BILEN ÖZBEGISTANYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGY BELLENILDI

2023-nji ýylyň 3-nji fewralynda paýtagtymyzyň “Daşkent” seýilgähinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň resmi wekilleri, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary hem-de döredijilik işgärleri, Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik korpusyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda...

DOWAMY
1 Few

HAZAR DEŇZINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI

2023-nji ýylyň 1-nji fewralynda Daşary işler ministrliginde Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow hem-de birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Hökümetara toparyň geçen 2022-nji ýyl boýunça işiniň netijelerine seredildi. Gatnaşyjylar 2023-nji ýyl üçin çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahtlaşdylar we işiň iler...

DOWAMY
31 Ýan

TÜRKMEN-RUS PARLAMENTARA HYZMATDAŞLYGYNYŇ GELJEGI MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda paýtagtymyzda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, ugurdaş komitetleriň çäklerindäki gatnaşyklar, kanun çykaryjylyk ulgamynda netijeli tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnag...

DOWAMY
28 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda, Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan täjik kärdeşini hem-de onuň üsti bilen Täjigistanyň doganlyk...

DOWAMY