RSS

SOŇKY HABARLAR

15 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE UNFPA-NYŇ ÝURT BOÝUNÇA DIREKTORY BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

Şu gün, 2023-nji 15-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) ýurt boýunça direktory Olaf Ronni Lindstrom bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar UNFPA-nyň Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary bilen gol çeken ýyllyk meýilnamalarynyň çäklerinde alyp barýan üstünlikli işleri barada aýtdylar. Bu hyzmatdaşlygyň ugurla...

DOWAMY
15 Mar

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 77-NJI MEJLISINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE BITARAPLYGYŇ DOSTLARY TOPARYNYŇ MINISTRLER DUŞUŞYGYNYŇ JEMLEÝJI JARNAMASY ÇAP EDILDI

Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň birinji ministrler duşuşygynda kabul edilen Jarnama BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty sany resmi dilinde (A/77/778 - aşakdaky resminama serediň) sessiýanyň gün tertibiniň “Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy saklamak” atly 58-nji bendinde çap edildi. Bitaraplygyň dostlary toparynyň ministrler duşuşygy 2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda geçirildi....

DOWAMY
14 Mar

TÜRKMENISTAN BILEN KENIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARY ÝOLA GOÝULDY

2023-nji ýylyň 14-nji martynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekilhanasynyň edara binasynda Türkmenistan bilen Keniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Beýannama gol çekmek dabarasy geçirildi. Gol çekmek dabarasynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekili Aksoltan Ataýewa bilen Keniýa Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişe...

DOWAMY
14 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BEÝIK BRITANIÝANYŇ BIRLEŞEN GULLUKLARYNYŇ PATYŞA INSTITUTYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň Beýik Britaniýanyň Birleşen gulluklarynyň patyşa institutynyň bilermenleri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda sebit howpsuzlygynyň, häzirki zaman wehimlere we howplara garşy göreşmek meseleleri, şol sanda, owgan meselesiniň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sebitiň söwda-ykdysady...

DOWAMY
13 Mar

ABŞ-DA ÝETIP GELÝÄN TÜRKMENISTANYŇ MILLI BAHAR BAGYŞLANAN BIRNÄÇE ÇÄRELER GEÇIRILDI

Şu ýylyň 11-12-nji martynda Waşington ştatynyň Sietl şäherinde (ABŞ) Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynyň gatnaşmagynda ýetip gelýän Türkmenistanyň Milli bahar baýramyna bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Hususan-da, agzalan senede Sietl şäherinde dabaraly baýramçylyk çäresi geçirilip, oňa ABŞ-da ýaşaýan türkmen diasporasy, Waşington ştatynyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, işewür toparlarynyň agzalary, bu ştatda ýaşaýan beýleki milletleriň wekilleri gatnaşdylar. Baýramç...

DOWAMY
13 Mar

SIETTL ŞÄHERINDE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ EDEBIÝAT AGŞAMY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 11-nji martynda ABŞ-nyň Siettl şäheriniň “Şorlaýn Komýuniti” kollejinde Gündogaryň beýik akyldary hem-de nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan edebiýat agşamy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Ilçihanasy tarapyndan guralyp, oňa ABŞ-nyň Waşington ştatynyň “Şorlaýn Komýuniti” we “Kaskadia” kollejlerinde bilim alýan talyp ýaşlar, professor-mugallymlar hem-de ABŞ-da ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar...

DOWAMY
9 Mar

DUŞENBEDE TÜRKMEN-TÄJIK HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 8-9-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Täjigistan Respublikasyna sapary boldy. 8-nji martda iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi, onuň çäklerinde strategiki häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegi bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler iki ýurduň we ha...

DOWAMY